,

“Dolanasym geldi…” Bahar TOSYÝEWA

Ak bukjada gelen söýgi hatlarňy,
Garbap alyp, basardym men bagryma.
Söýginiň aýdymyn zowladyp aýdyp,
Dolanasym geldi ýaşlyk döwrüme.

Birmahalkyň ýaly hatlaryň okap,
Ol hatlara jogap beresim geldi.
Bilýäňmi, seň maňa ogryn garaýan,
Ol gara gözleriň göresim geldi.

Howlymyzyň daşyn suwlap-sübseläp,
Goňşyň gyzy bilen gülüşip dursam.
Uly ýoluň öwrüminde ýene-de
Seniň birmahalky keşbiňi görsem.

Didelerme baksaň, menem ýylgyrsam,
Pyşyrdasaň söýgi hakda çalaja.
Obanyň gür bagly köçesi bilen,
Biz ikimiz ýöresedik bileje.

Uýaljyrap näz etsedim öňkim deý,
Sen ýene-de meň näzimi çeksediň.
…Arzuwlam, ýaşlygym uzakda galdy,
Ah, nädeýin, bagt bijämden çykmadyň.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *