,

LUKMANYŇ MASLAHATLARY

Saglygyňy gorap saklamakda arassa agyz suwunyň örän uly peýdasy bar. Hut şonuň üçin hem lukmanlar her gün azyndan 1,5-2 litre golaý arassa agyz suwuny içmekligi maslahat berýärler.

Gyzyp gelip ýa-da agyr fiziki hereketden soň, sowuk suw içmekden saklanmaly.

Ir bilen, ajöze 1 bulgur gaýnan suw içmegi endik edinmeli. Munuň özi bokurdaga, soňra-da içegelere ýygnanan ownuk hapalary ýuwup aýyrýar.

Gök önümleri ýuwup bolanyňdan soň, üstünden gaýnan ýa-da gyzgyn suw akytmak has peýdalydyr.

Gaýnan suw bedeniň derlemegini we deri bilen dürli zyýanly maddalaryň bölünip çykmagyny çaltlandyrýar.

Ses bilen köp işleýän adamlara (aýdymçylara, alypbaryjylara) diňe çykyş edýän wagtynda däl, hemişe-de gaýnan suw içmegi endik edinmek maslahat berilýär. Bu olaryň sesiniň hemişe dury we belent bolmagyna oňyn täsir edýär.

Gaýnan suw gan basyşynyň peselmegi we beýgelmegi ýaly ýagdaýlarda hem peýdalydyr. Ol gan basyşyny kadalaşdyrýar.

Gaýnan suwuň bedeniň dürli wiruslara garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda, çuslugy, çalasynlygy artdyryp, özüňi ýeňil duýmakda, dürli keselleriň öňüni almakda, degna dartgynlylygyna garşy göreşmekde we ony gowşatmakda peýdasy uludyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *