,

Bekre balygy barada

Bekre balyklar bekreşekilli balyklar otrýadyna degişlidir. Bu balyklar Türkmenistanyň çäginde Hazar deňzinde ýaýrandyr. Olar deňziň 10 metrden hem çuňrak ýerlerinde bolýarlar. Bekreler deňizde ösüp, köpelmek üçin derýalara geçýärler. Amyderýada bekre balyklara has köp duş gelmek bolýar. Olar derýada işbil taşlaýarlar, çuň çukurjyklarda gyşlaýarlar.

Bekre balyklar Amyderýanyň daglyk we düzlük akymlarynyň hemmesinde köpelýärler. Köpelýän wagty ýaz we tomus aýlarydyr. Soňra ýaş balyjaklar deňze geçýärler.

Uly balyklar molýuskalar we balyjaklar bilen iýmitlenýärler. Bekre balyklaryň uzynlygy 220 santimetre, agramy bolsa 80 kilograma ýetýär. Bu balyklar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna hem girizilendir.

One Reply to “Bekre balygy barada”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *