,

Facebook, Messenger bilen Instagram söhbetlerini resmi taýdan birleşdirdi.

Facebook, Messenger bilen Instagram söhbetlerini resmi taýdan birleşdirenligini habar berdi. Häzirki wagtda çäkli mukdarda, ýurtda bar bolan bu aýratynlyk ýakyn wagtda dünýä derejesine çykarylmagy göz öňünde tutulýar. Bu ulgamlaryň birikdirilmegi bilen ulanyjylara täze aýratynlyklar hem garaşýar. Ulanyjylar bir programmanyň üsti bilen iki platforma birigip bilerler. Mundan başga- da, toparlaýyn söhbetlerde halanylýan mazmuny birnäçe hasaba ibermek, söhbetleri ýörite reňkler arkaly sazlamak, ýazylan hatlary gizlemek, kimden hatyň geljegini ýa-da gelmejegini çözüp bilmek ýaly birnäçe täze aýratynlyklar ulanyjylara ýetiriler.
“Facebook” esasy platformalaryny birleşdirmek üçin işlerini dowam etdirýär. Kompaniýa bu täze ulgamlary resmi taýdan işe girizen hem bolsa, ol häzirlikçe çäkli ýurtda işleýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *