,

Seýrek duş gelýän “mawy dolan aý” hadysasyna garaşylýar

ABŞ-nyň asman jisimlerini öwrenýän guramasy NASA, 31-nji oktýabrda seýrek duş gelinýän “mawy dolan aý” tebigy hadysasynyň boljakdygyny habar berdi.
Her ýyl 12 sany dolan aý ýüze çyksa-da, 2020-nji ýylda 13 sany dolan aý görüner. Şu ýylyň 1-nji we 31-nji oktýabrynda iki sany dolan aý hadysasy amala aşar. 31-nji oktýabryndaky dolan aý “mawy dolan aý” hadysasy bolar. Bu goşmaça doly aýa gök dolan aý ýa-da mawy dolan aý diýilýär. “Mawy aý” ilkinji gezek 1883-nji ýylda göründi we ýazga alyndy. Soňky gezek has ýakyndan, 1991-nji ýylda bu tebigy hadysa bolup geçipdi.
Aýyň mawy bolup görünmeginiň aňyrsynda, dünýäde ýüze çykýan tozan bulutlary sebäp bolup durýar. Bulutsyz we amatly howa şertlerinde mawy dolan aýy aňsatlyk bilen görülip bilner. Mawy dolan aýy teleskop bilen has dury we anyk görüp bolar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *