Skip to content
,
- Gyzgyn saja kamfor ýagy damdyrlan otagda çybyn-çirkeý durmaýar.
- Çyban çakan ýerine çaý sodasy garylan suw (bir käse suwa ýarty çaý çemçesi) çalynsa gijemeýär. Soda derek limon suwuny hem ulanmak bolýar.
- Soganyň ýa-da atgulagyň suwy ary çakan ýerine çalynsa gijemeýär, çişmeýär.
- Ary çakan ýere çeýnelen petruşka ýapylsa-da haýry kän. Ol agyryny-da derrew aýyrýar.
- Siňekler öýden geçýän parran şemaldan gorkýarlar. Olary öýden çykarmak üçin gapydyr penjireleri garşylyklaýyn açyp, 10-15 minut goýmak ýeterlikdir.
- Penjiräniň çarçuwalaryny sirkä öllenen esgi bilen süpürseňiz, siňekler ol ýere barmaz.
- Garynjalar pomidoryň, limonyň ýapragynyň ysyny halamaýar. Garynjalaryň ýöreýän ýoluna şolaryň birini goýsaňyz, olar dargar.
- Gönden tikilen sumkalar iki kesilen sogan bilen örän gowy arassalanýar.
- Güýe narpyzyň ysyna çydamaýar.
- Düýrlenip goýlan ýa-da asylgy halylaryň çöwre ýüzünden nebite öllenen esgi bilen süpürseň
Post Views:
1