“Sallanyp geçdi” Kemine/Aýdym

Kemine
Aýdym
“Sallanyp geçdi”

Eý agalar, Ýolöteniň düzünden,
Meniň sona boýlym sallanyp gitdi.
Alma ýaňagyndan, ap-ak ýüzünden,
Lagly-merjenleri dökdi-de gitdi.

Goş bilezik hup ýaraşar destine,
Jellat gözler jan almagyň kastynda,
Aýjemalym akmaýanyň üstünde,
Bir keniz başyny çekdi-de gitdi.

Ýerden, gökden göterilipdir kararym,
Şana alyp, syýa zülpün daranym,
Aýjemalym, ap-ak ýüzli maralym,
Gähin-gähin bärsin bakdy-da gitdi.

Jereni bar, awlagy bar çölüniň,
Ördegi bar, gazlary bar kölüniň,
Kemine diýr, sona boýly geliniň,
Zarynlap gözýaşyn dökdi-de gitdi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *