Bolgar Burçy

Gyzyl, narynç, sary, ýaşyl bolgar burçunyň peýdasy onuň reňkine-de baglydyr. Meselem, gyzyl bolgar burçunda witaminler has köpdür.

Içki täsiri

Bolgar burçunyň düzümine girýän P witamini gan damarlarynyň diwarjyklaryny pugtalandyrýar.

Bu önümde C witamini limondakydan 2 esse köpdür.

Bolgar burçy kapsaisine baýdyr. Bu organiki maddanyň bolsa arterial gan basyşyny peseldýändigi, aşgazanyň we aşgazanasty mäziň funksiýasyny işjeňleşdirýändigi, işdäňi açýandygy, tromblaryň emele gelmegine päsgel berýändigi mälimdir.

Beta-karotin görüşi gowulandyrýar. Bolgar burçy bu maddanyň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Beta-karotiniň 1 gije-gündizki mukdaryny kabul etmek üçin günde bolgar burçunyň 30-40 gramyny iýmek ýeterlikdir.

Daşky täsiri

Süýji bolgar burçunyň ekstrakty garylan diş pastalary diş etiniň ganaganlygynda kömek edýär. Bolgar burçunyň düzümindäki A, C, P witaminleri menekli tegmillere (pigment) garşy täsire eýedir. Şonuň üçin onuň ekstraktyny derini agardyjy serişdelere goşýarlar.

Bolgar burçunyň ekstrakty garylan şampunlar, balzamlar, bejeriji täsirli serişdeler saçlary pugtalandyrýar, olaryň düşmeginiň öňüni almaga ýardam edýär. Onuň düzümindäki mikroelementler we kapsaisin hatda kellikde hem bejerişiň täsirini artdyrýar.

Bolgar burçundaky C witamini ajaýyp antioksidant bolup durýar. Şoňa görä, bu önümden taýýarlanan ýapgylar (maska) derini juwanlandyrýar, onuň wagtyndan öň ýygyrt atmagynyň öňüni alýar.

Saçyňyzyň gür bolmagyny, ýapyldap, öwşün atmagyny isleseňiz, süýji bolgar burçuny kerçeläp, kelläňize ýapyň.

Derisi gurak, solgun görünýän ýüze blenderde (önümi üwäp, suwuk görnüşe geçirýän enjam) tä bulamak bolýança üwelen 1 bolgar burçuny 1 çaý çemçe smetan, şonça-da käşir şiresi bilen garyp, ýapmak maslahat berilýär. Ýapgyny 20 minutlap saklamaly. Soň ýüzüňi ýyly suw bilen ýuwmaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *