Namazyň içinde edilmesi haram bolan amallar

  1. Kyragatda “Fatyha” süresinden öň okalýan “Bismillä:hirrahmä:nir-rahy:my” daşyňdan aýtmak.
  2. “Fatyha” gutarandan soňra, “Ämin” sözüni daşyňdan aýtmak.
  3. Ýüzüňi Kybladan öwürmek.
  4. Asmana seretmek.
  5. Uzursyz parz namazlaryny bir zada daýanyp okamak.
  6. El galdyrmagyň wajyp, sünnet we mustahap bolmadyk ýerinde el galdyrmak.
  7. Rukuwda we sejdede aýaklaryň barmaklaryny ýerden götermek.
  8. Kagdada oturanyňda iki aýagyň üstünde oturmak, ýagny it oturyşyny etmek.
  9. Lybasyňy ýa-da lybasyňdaky bir zady bir ýa-da iki mertebe oýnamak. Üç mertebe oýnalsa, namaz bozular.
  10. “Tahyýýat” dogasyny okanymyzda, süýem barmagymyzy galdyrmak.
  11. Namazdan çykanyňda diňe bir tarapa salam bermek.
  12. “Kunut” dogasyny witir namazyndan başga ýerde okamak.
  13. Tekbirleri gereginden artykmaç okamak.
  14. Wajyplary terk etmek.

Şu namazda haram bolan amallar “Muhyt” atly kitabyň mekruh babatynda beýan edilendir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *