Namazyň daşyndaky parzlary (şertleri)

1. Hadesden taharet

Käbir ybadatlary berjaý etmek üçin täret alynmagyny we gusul alynmagyny, suw tapylmadyk wagty teýemmümi zerur edýän hapalykdan arrasalanmakdyr.

2. Nejasatdan taharet

Namaz okaýan adamyň bedeniniň, egin-eşiginiň we namaz okajak ýeriniň namaz okamaga päsgel berýän ähli hapalardan (nejasatlardan) arassa bolmagy.

3. Setri awrat

Uýat ýerleriň örtülmegine “setri awrat” diýilýär. Namazda uýat ýerleri örtmegiň parz bolşy ýaly, olary namazyň daşynda-da örtmek we başgalara görkezmezlik parzdyr.
Erkeklerde awrat ýerleri göbekden başlap dyz çanagyň aşagyna çenli aralykdyr. Aýallarda bolsa awrat ýerler ýüz, el we aýaklardan başga bedeniň ähli ýeridir.
Erkek kişiniň başy ýapyk, doly egin-eşikli namaz okamagy mustahapdyr. Beýle etmek namazyň hormatyny berjaý etmek bolar. Çünki diňe awrat ýerleri ýapyk şekilde namaz okamak dürs hem bolsa edepsizlikdir. Çäresiz ýagdaýda welin okamak bolar. Özünden başga biriniň ýok ýerinde (hylwatda) hem adamyň uýat ýerlerini örtmegi hökmanydyr. Eger uýat hasaplanýan agzalardan biriniň dörtden biri açylsa, namaz bozular.

4. Namaz wagtynyň girmegi

Namazlaryň belli wagtlarda okalmagy parzdyr. Şol sebäpli parz namazlar üçin wagt şertdir. Şeýle hem parz namazlar bilen birlikde okalan sünnet namazlary, witir, tarawa we baýram namazlary üçin hem wagt şertdir. Bir parz namazyny wagty girmezden öň okamak dürs bolmaýşy ýaly, wagty çykandan soň okamak hem dürs däldir. Bir parz namazyny wagtynda okamaga eda, wagty çykandan soň okamaga bolsa kaza diýilýär.

5. Namazy Kybla bakyp okamak

Namazy kybla tarap bakyp okamak parzdyr. Kybla Mekgeýi Mükerremedäki Käbedir. Käbäni görüp duran kişi göni Käbä bakyp namaz okar, Käbeden daşda bolan kişi bolsa Käbe tarapa bakyp namazyny okar.
Kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmeýän kişi ilki töwereginden sorap anyklamalydyr. Başga kişiden sorara ýagdaý bolmasa, özi biljek bolmaly. Soňra Kybla haýsy tarapdadyr diýip karara gelse, şol tarapa bakyp okamaly. Eger-de bakan tarapynyň kybla däldigini namazyndan soň bilse, şol namazyny gaýtadan okamagy gerek däldir. Emma soramaga adam barka, soraman, ýalňyş tarapa bakyp okasa, onda şol namazyny täzeden okamalydyr.
Kyblanyň haýsy tarapdadygy güman edilse, her kim özbaşyna namaz okamaly. Jemagat bilen okalan ýagdaýynda ymamyň duran tarapynyň kybladygyna şübhe edýäniň namazy dürs bolmaz.

6. Namaza niýet edip başlamak

Ähli ybadatlarda bolşy ýaly, namazda-da niýet parzdyr. Niýet kalba degişli bir işdir, ýöne kalbyň niýetini diliň gaýtalamasy alymlaryň aglabasyna görä mustahapdyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *