,

Ilkinji çap maşyny

Iogann Gutenberg

Nemes oýlap tapyjysy Iogann Gutenberg 1400-nji ýyllar töweregi Maýnse şäherinde dünýä inýär. Ol öz ömrüniň dowamynda Ýewropada kitap çap etmek usulyny, ilkinji çaphanany, çap enjamyny döredýär.
XI asyrda Hytaýda agaç tagtalaryň ýüzüne oýup ýazmak usuly giňden ýaýrapdyr. Ýewropada bu usul “ksilografiýa” diýlip atlandyrylypdyr. Strasburg uniwersitetiniň talyby Iogann Gutenberg birnäçe ýoldaşy bilen birlikde, ksilografik kitaplary taýýarlamak bilen meşgullanypdyr.
Soňra onuň tutuş bir sahypany haşamlamagyň zerur bolman, aýratyn çap basmasyny ýasap, soňra olardan setir düzüp boljakdygy hakynda kellesine pikir gelipdir. Ilki bilen, harp guýlanda ulanylýan oýulan polat galyp ýasalypdyr, onsoň emele gelen harpyň öňe çykyp duran şekilini haşamlapdyrlar, soňra matrisa bolup hyzmat edýän mis gatlaga kakypdyrlar. Bu amalyň netijesinde, polat galybyň köp sanly takyk nusgasyny döredipdirler. Soňra olar bilen setirme-setir harp ýygnalypdyr.
Gutenberg ilkinji çap enjamyny ýasanda elli ýaşynyň içinde eken. Ol bu enjamynda birnäçe ajaýyp kitaplary çap edipdir. Ol 1468-nji ýylda dünýäden ötüpdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *