,

“Bar ýaly” Amansähet Akmuhammedow

Bar ýaly

Ýaşym eýýäm golaýlapdyr segsene,
Bir wagtky gara saçlam gar ýaly.
Aýra düşdük, ýöne kalbym görsene…
Henizlerem sen ýanymda bar ýaly.

Käte-käte içim gysyp oturýan,
Bu giň dünýe meniň üçin dar ýaly.
Ine, şonda hyýalymda görünýäň,
Men ynjalýan, sen ýanymda bar ýaly.

Ýaz gelende joşup ýagýar ýagyşlar,
Her damjasy ýere düşýän nur ýaly.
Damjalary bile durup synlaýas,
Meň ýanymda bolýaň şonda bar ýaly.

Ir turýaryn, güneş dogjak bolanda,
Gündogar gyzarýar misli nar ýaly.
Şol şapagy göýä bile synlaýas,
Meň ýanymda bolýaň şonda bar ýaly.

Dünýe gowy, ýurdum gowy, il gowy,
Ýöne ýürek saňa mydam zar ýaly.
Hyýalda bir ynjaltmaga ýüregmi,
Bolaweri meň ýanymda bar ýaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *