,

Hamyrmaýa

Çörege gönezlik ýa-da goýum hökmünde ulanýan hamyrmaýany ýylda bir gezek, köplenç Gurban baýramynyň birinji güni täzelenipdir. Hamyrmaýanyň gönezligi şeýle usulda taýýarlanylýar:

Bişmedik üzümi sykyp, onuň ýarty käse suwuny (100 ml. möçberde) alynýar. Ýumurtganyň ululygyndaky süzmäni gowy ýazýarlar. Bir düýp sogany ownujak dograýarlar. Bu üçüsini garyp, üstüne un goşýarlar. Bir zogala bolar ýaly hamyr ýugurýarlar. Bir sagatdan soň onuň içi galýar. Üzümiň suwy oňa turşulyk, sogan ajylyk, süzme ýumşaklyk berýär. Täze hamyrmaýa bir günläp agzy berk ýapylan syrçaly gapda (un sepilen nah mata bölejigine dolanyp) saklanylypdyr. Hamyrmaýanyň üstünden gyzgyn suw guýsaň ol ýanýar, ondan ýugrulan hamyr turşy bolýar. Sowuk suwda eredilende hamyrmaýa üşeýär, ondan taýýarlanan hamyr dykyz bolup, bişende ýüzi gülleýär. Hamyrmaýany gündiz güne, gije ýyldyza görkezmeli däl.
Ene-mamalarymyz hamyr ýugranda onuň içine 7 sany bugdaý dänesini atypdyr. Hamyr tä şol däneler hamyryň içinden bölünip çykýança ýugrulypdyr. Taýýar bolýança oňa 3 gezek suw çalnypdyr.
Türkmeniň ak bugdaýynyň çöregi örän tagamly we peýdaly. Onuň düzüminde ýaşaýyş üçin derwaýys maddalaryň köpüsi: suw 14 %, beloklar 11,2 %, ýaglar 2,1 %, uglewodlar 68,1 %, kletçatkalar 2,4 %, duzlar 1,7 %,  şeker 4,2 % bar. Bugdaý fosfor, kaliý, magniý, kalsiý, natriý, demir, kremniý, kükürt, hlor, marganes, sink, nikel, kobalt ýaly mineral duzlara baý. Düzüminde ýag ergin görnüşde, un krahmal görnüşinde bolýar. Bugdaýda şeýle hem albumin, globulin, aminokislotalar, C,A,E,K,B witaminleri, nikotin turşusy, fermentler-lipar, amilar saklanýar. Halk lukmançylygynda we tebipçiliginde hamyrmaýa dürli kesellerde bejeriji serişde hökmünde ulanylýar.

– Bronhitde 1 sm. galyňlykly, kiçiräk kökejik görnüşde ýaýylan hamyrmaýa bölejigi, ýüzüne mesge çalnyp, bokurdaga ýapylýar. Agşama edilen ýapgy ertesi irden aýrylýar.

– Öýken sowuklanda (pnewmoniýa) ýokardaky usulda taýýarlanan hamyrmaýa bölejigi pilçe süňkleriniň aşagyndan oňurganyň iki gapdalyndan ýapylýar. Yzygiderli ulanylanda hamyrmaýa gakylygyň gopmagyna, suwuklygyň sorulmagyna täsir edýär.

– Çaganyň gulagy ýiti agyranda (akmasa) hamyrmaýadan dykyjyk ýasap, daşyna hasa dolaýarlar we gulagyň deşigine dykýarlar.

– Endama tiken çümende hamyrmaýa ýapýarlar. Hakykatdanam, hamyrmaýa tikeni bir gije-gündiziň dowamynda sorup çykarýar.

– Çakyzada hamyrmaýa kellä ýapylýar.

– Böwrek, peşew haltasy, zenan maşgalanyň ýatgysy, ýumurtgalygy sowuklanda hamyrmaýa goşulyp ýugrulan duzsuz hamyrdan ýapgy edilýär. Şeýle ýapgy sowuklamany aýyrýar, agyryny köşeşdirýär.

– El-aýaklar urgy zerarly ýenjilende, döwülende, çykanda hamyrmaýaly, duzsuz hamyr ulanylýar.

– Hamyrmaýaly hamyryň çöregi kakadylan görnüşde iýlende iýmiti gowy siňdirýär.

– Goýun, sygyr we beýleki mallar üsgürende hamyrmaýa iýdirilipdir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *