“Gel, obamyň lälesi” Allaýar Çüriýew/ Aýdym

Allaýar Çüriýew
Aýdym
“Gel, obamyň lälesi”

Tebigat beripdir saňa,
Bir ajaýyp gözellik.
Seň gözleriň, serwi boýlym,
Şahyrlara gazallyk.

Ýüregimde ýalyn lowlar,
Görmesem men günde, gyz!
Aşygyňy ýakma beýle,
Juwan kalbym, sende, gyz.

Joralaryň bilen çyksaň,
Sähramyza seýrana.
Hemmelerden saýlanýarsyň,
Meni goýup haýrana.

Gel çykaly, gel seýrana,
Gel, obamyň lälesi.
Goý, başyn egsin bize,
Sähramyň gül-ýaýlasy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *