,

“Saýra, dutar”Ogulnabat Allaberdiýewa/Aýdym

Ogulnabat Allaberdiýewa
(Aýdym)
“Saýra, dutar”

Saýra, dutar, saýra, dutar, saýra sen,
Gülleriň aşygy, bilbiller kimin.
Näzik owazyňa, şirin mukama,
Adamlar saz çalsa, ýigdelýär zemin.

Saýra, ussatlaryň ele alanda,
Saýra sen gözeller seýle gelende.
Näzik kirişleriň bolan bolsadym,
Saýrap, adyň götärdim has belende.

Ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur, hemişe,
Näçe diňleseň-de doýma ýok senden.
Saýra, yzlap ýürekleriň ýodasyn,
Goý, güller açylsyn näzik sesiňden.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *