,

Ýyldyzlar näme üçin “göz gyrpýar”?

Açyk howada asmana syn eden bolsaňyz, ýyldyzlaryň ýanyp-sönüp durýan ýalydygyny görensiňiz. Bizden millionlarça kilometr alysdaky bu asman jisimleri barada entek öwrenmeli zadyň az däldigi aýdylýar. Soňky wagtlarda astronomiýa we älem giňişligine degişli maglumatlara has köp gyzyklanma bildirilýär. Asman giňişligi has ýakyndan öwrenilýär. Uzakdan şöhle saçýan ýyldyzlar halk döredijiliginde çeper meňzetme hökmünde köp gabat gelýär. Bu bolsa, adamzadyň irki döwürlerden bäri ýyldyzlar bilen gyzyklanýandygyny görkezýär. Gün ulgamy diýseň uly giňişligi öz içine alýar. Gün tarapdaky üçünji planeta bolan Ýer şaryna şöhläniň gelmegi üçin 8 minut çemesi wagt gerek bolýar. Ýagny biz Günüň sekiz minut öňki ýagdaýyny görýäris. Şöhläniň sekuntda 300 müň kilometr tizlik bilen hereket edýändigi nazarda tutulanda, bu aralygyň näçeräkdigine has aýdyň göz ýetireris. Sekizinji ýerde durýan Neptun planetasyna Gün şöhlesiniň barmagy üçin bolsa, 4 sagat gerek bolýar. Neptundan güne seredilende, ol edil biziň ýyldyzy görşümiz ýaly, kiçi görünýär. Has düşnükliräk mysal getireliň: biziň planetamyz bilen Günüň aralygyny sagatda 1000 kilometr tizlik bilen hereket edýän uçar 17 ýylda geçip biler.
Kosmos giňişligi barada ýene bir mysala garalyň! “Andromeda” galaktikasynyň şöhlesiniň Ýere gelip ýetmegi üçin 2,2 million ýyl gerek bolýar. Ýagny bu galaktika teleskop arkaly syn edilende, onuň 2,2 million ýyl ozalky ýagdaýy görülýär.

Ýyldyzyň öçmeginiň sebäbi?

Bulutsyz gijede asmana seredilende 7000 ýyldyzy gözümiz bilen görüp bilýäris. Kiçiräk teleskop bilen 25 million ýyldyzy görüp bolýar. Obserwatoriýalardaky has uly teleskoplar arkaly 2 milliard ýyldyzy görüp bolýar. Galaktikanyň giňişliginiň nähiliräkdigine has gowy düşünmek üçin diňe biziň galaktikamyzda 100 milliard ýyldyzyň bardygyny bilmek ýeterlik bolsa gerek.
Ýyldyzlaryň sanynyň köplügi we bizden uzaklygy olaryň bize ýanyp-sönýän ýaly görünmegine sebäp bolýar. Munda atmosferanyň täsiriniň hem bardygy aýdylýar. Sebäbi kämahal howa yssy bolýar. Ýyly howa ýokary göterilýär we has uzakdaky ýyldyzlardan gelýän şöhläni döwýär. Şol sebäpli uzakdaky ýyldyzlaryň şöhlesi bize kesilip gelýär. Bize has ýakyn, has ýagty ýyldyzlaryň şöhlesi ýanyp, sönmeýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *