“Daň şemaly” Gara Seýitliýew/Aýdym

Gara Seýitliýew
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Daň şemaly
(Aýdym)

Daň şemaly öper, oýnar zülpüňi,
Men oýnasam, sen: “Oýnama!” diýýärsiň.
Daň şemaly tapar, oýnar zülpüňi,
Taryn öpsem, sen: “Aýnama!” diýýärsiň.

Oýnasam-da öýkeleme, läligim,
Oýunçy zülpleriň oýnadýar meni.
Aýnasam-da aýp etme, gülälegim,
Gülälek ýaňaklaň däli edýär meni.

Daň şemaly her ýan, her ýana öwser,
Sen öwüsme her ýan, her ýana, dilber.
Zülpleň her öwsende ýüregim towsar,
Indi bir aram ber bu jana, dilber.

Däliredip, däli diýme, dilberim,
Däli göwnüm bir ýylgyrsaň açylar.
Perilerde ynsap bolmazmy, perim,
Sen ýylgyrsaň, dünýäme nur saçylar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *