,

Em bolýan el işleri

Dogry guralanda we çäkli wagtda ýerine ýetirilende el işleriniň saglygy dikeltmäge we pugtalandyrmaga ýardam edýändigi köpden bäri mälim. Lukmançylykda bu ugur “zähmet bilen bejeriş” (“zähmet terapiýasy”) atlandyrylýar. Aşakda adamyň, ylaýta-da aýal maşgalanyň ýagdaýyny gowulandyrýan el işleri barada gürrüň berilýär:

Tikin tikmek: ýürek ritminiň bozulmagy bilen baglanyşykda döreýän käbir kesellerde peýdaly, arterial gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, nerw ulgamynyň işinde bökdençlikleriň ýüze çykmagynyň öňüni alýar, kellagryny aýyrýar, ukyny, içegäniň hyzmatyny kadalaşdyrýar.

Ýumşak oýnawaçlary tikmek: nerwleri köşeşdirýär, gan basyşyny peseldýär, allergiki täsirleri gowşadýar, iýmit siňdiriş agzalarynyň işiniň kadalaşmagyna ýardam edýär.

Çiş bilen örmek: ýürek-damar, nerw we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işine oňyn täsir edýär, kellagryny, dişagyryny köşeşdirýär, depressiýadan çykmaga kömek edýär, agyr ruhy şikes alan näsaglaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirýär.

Uly gaňyrçakly çiş (krýuçok) bilen örmek: nerw ulgamyna rahatlandyryjy täsir edýär, penjelerdäki bogunlary herekete getirýär, olardaky agyryny aýyrýar. Ylaýta-da, şikes ýeten bogunlar üçin peýdaly. Atereosklerozda, kellagryda, bagyr, böwrek kesellerinde syrkawyň ýagdaýyny ýeňilleşdirýär.

Ýüp işmek: ýürek-damar ulgamynyň hyzmatyny kadalaşdyrýar.

Elde keşde etmek: ruhy deňagramlylygy dikeltmäge kömek edýär, nerw dartgynlylygyny aýyrýar, peşew çykaryş ýollarynyň kesellerinde, bogunlary birleşdiriji, siňir damarlarynyň kesellerinde peýdaly.

Aýaklar bilen herekete getirilýän maşynda keşde etmek: aýak bogunlarynyň hereketjeňligini artdyrýar, aýaklarda gan we limfa aýlanyşygyny gowulandyrýar.

Agajyň ýüzüni oýup, gazma nagyş etmek, agajyň ýüzüne nagyş çekmek: şowakörlükde görüşi gowulandyrýan özboluşly maşk bolup durýar, allergiki dermatitde, gipotoniýada (gan basyşynyň peselmegi), dem alyş ýollarynyň, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde peýdaly.

Hünji düzmek: dem alyş ýollarynyň dowamly kesellerinde, kellagryda, dişagyryda, maddalaryň alyş-çalşy bozulanda, damar çekmede peýdaly.

Öý hojalygynda ulanylýan bezeg serişdelerini (tuty, saçak-skatert, ýassykdaşy, ýorgandaşy) tikmek: howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykan kellagyryny, stressi aýyrýar, iýmit siňdiriş agzalarynyň, böwregiň işine itergi berýär, maddalaryň alyş-çalşyny kadalaşdyrýar.

Iňňe bilen kružewa (örme nagyş) etmek: hereketleriň sazlaşygyny gowulandyrýar, dem alyş agzalarynyň kesellerinde, ýüzüň ýa-da boýnuň myşsalary çekende, disbakteriozda peýdaly.

Elbetde, zähmet terapiýasy diňe el işleri bilen bejermekden ybarat däl. Zähmetiň söýgi, yhlas, meýletinlik we uly isleg bilen ýerine ýetirilýän islendik bir görnüşi saglyga oňyn täsir edýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published.