“Dünýäm” Myrat Ömür/Aýdym

“Dünýäm” Myrat Ömür

Ýalňyz durnam göçdi diýme,
Seň durnaň dolanar, dünýäm.
Menden ara açdy diýme,
Seň durnaň dolanar, dünýäm.

Ummanlarda ganat ýaýa,
Söýgimize salar saýa.
Uçup bir gün siz taýa,
Seň durnaň dolanar, dünýäm.

Yşk oduna ýanan janym,
Umytlarňa ynan, janym.
Durna ýalňyz goýmaz taýyn,
Seň durnaň dolanar, dünýäm.

Ýer ýüzüne çekip nagşy,
Ýagar bir gün ýaz ýagşy.
Alyp ýanyna bagt guşy,
Seň durnaň dolanar, dünýäm.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *