,

Eti saklamagyň halky usullary

Öňki döwürlerde sowadyjy bolmasa-da, soýlan malyň etiniň zaýa bolmagyna ýol bermändirler. Soýlan malyň etiniň jylka ýerlerini ýuka dilip, duzlap kakadypdyrlar. Ýagny, kakmaç edipdirler. Köplenç halatda ownuk dograp, süňklerini hem ownuk çapyp, gowrup, öz ýagy bilen küýzede goýupdyrlar. Bolmasa-da, gowy arassalanan goýnuň garnyna salyp, agzyny howa geçmez ýaly bogup, salkyn ýerde saklapdyrlar.
Kakadylan eti biraz wagt gaýnan suwda ezip goýupdyrlar. Soňra nahar üçin peýdalanypdyr, küýzä, garna salnan gowurmalar bolsa, islendik wagtda nahar etmek üçin oňaýly bolupdyr. Ony şeýleligne çörek bilen huruş edip hem iýipdirler. Eti täzeligne saklamagyň ýene bir usuly bolupdyr. Ol hem eti yzgar çägä gömüp saklamak arkaly peýdalanmak. Munuň üçin hem goýnuň ýuwlup, gowy arassalanan garny ulanypdyrlar. Gowy duzlanan eti garna salyp, agzyny bogupdyrlar, soňra öýüň gap böwründäki çukura gömüpdirler. Çägäni bolsa üstüne suw guýup, hemişe yzgarlandyryp saklapdyrlar. Şeýle-de daşarynyň yssysy geçmez ýaly çägeli çukuryň üstüni galyňrak basyrypdyrlar. Şeýle ýagdaýda et çigligne hem esli günläp zaýalanman durupdyr. Eti saklamagyň bu usullaryny uzak örüdäki çopan-çoluklar häzir hem ulanýarlar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *