,

Emler/Bäşim Ýusupdurdyýew

Hoz maňzyny az iý, diliň jaýrylar,
Narpyz tozun sepseň ony aýyrar.

Naryň tohumydyr ýagyşyň suwy,
Gan gusmaň emidir, içäýseň ony.

Çomuç porsy diýmäň, toşaby süýji,
Aşgazan-içegä taýsyzdyr güýji.

Alkymyň çişdimi, iç bürmek otdan,
Hiç kemi ýokdur oň gyrmyzy ýoddan.

Üzümi köp iýseň teşnelik çykar,
Turşy nary iýseň teşnelik gider.

Noýba-nohut iýseň içiň ýel eder,
Ýüzärlik tohumy ony gül eder.

Sogan suwun garyp towuk ýag bilen,
Jaýryk dabana çal, säher çag bilen.

Borjak içeniňde süýjilik galar,
Hoz ýapragy ony yzyna alar.

Süýtde taýýarlanan atgulak peti,
Böwrege dermandyr, melhemdir oty.

Huşsuzlyk derdine duçar bolana,
Şugundyr ary bal emdir olara.

El-aýak müçükse, süýnäýse damar,
Nar kök, gabyk petin ýapsaňyz bolar.

Mal ýagyna garsaň mäjum kişmişi,
Soňra ýapsaň aýrar çybandyr-çişi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *