,

Gözel görküň syry

Ýüzüniň derisi ýaglylara limon suwy garylan garyndy oňat täsir edýär.

Narpyz garylan suw hem ýagly derä oňaýly täsir edýär.

Ýagly derä ýapmak üçin bişirilen almanyň üstüne bir ýumurtganyň sarysyny goşmaly. Ýapgy 20 minut çemesi durandan soň, ýüzi mylaýym suw bilen ýuwmaly.

Gyrgyçdan geçirilen käşir ýapylsa, myssardan derä gaty gowy täsir edýär.

Gaýmakdan edilen ýapgy ýüzüň derisini nurlandyrýar, agardýar, iýmitlendirýär. Ýüz gram gaýmagy iki ýumurtganyň sarysy bilen gowy garyp, bir çemçe (nahar çemçesi) spirt, bir limonyň hem suwyny goşmaly-da ýüze çalmaly. 15-20 minutdan ýyly suw bilen ýuwmaly.

Bir çemçe baly ýyladyp, bir çemçe limon suwy bilen garmaly-da, ýüze çalmaly. 10-15 minutdan ýyly suw bilen ýuwup iýmitlendiriji krem çalmaly.

Myssaran derä täzeje hyýardan edilen ýapgy gowy täsir edýär. Hyýary gyrgyçdan geçirip, ýüze ýapmaly-da, 10-15 minut ýatmaly. Soň ony ýyly suwa öllenen pamyk bilen süpürip aýyrmaly. Yzyndan ilki hyýaryň suwyny, soňam krem çalmaly. Şu hili edip dürli hili miwelerden hem ýapgy ýapsaň bolýar.

Derlek ýüzi bor kislotasy garylan suwa batyrlan pamyk bilen süpürmeli.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *