,

Sagdyn bolaýyn diýseňiz…

Sarymsagy sargy hökmünde ulansaň deridäki ýaralary bitirýär.

Nahary endige, düzgüne görä wagtly-wagtynda edinmek saglyk üçin örän peýdalydyr.

Ary baly bilen garylan hoz bokurdak agyrylaryny aýyrýar.

Duzly zatlar bedeni guradýar, onuň aşa köp iýilmegi tapdan gaçyrýar.

Gereginden az iýmäge endik etseň, ol keýpiňi gaçyrar we ýaltalygy döreder. Şonuň üçin ýeterlik derejede iýmeli.

Unaş üsgülewügi we bokurdak mäzleriniň çişmesini bejerýär.

Ysmanagy çigligine ýa-da bişirip iýmek sowuklama derdine dermandyr.

Jüýje çorbasy aşgazandaky gyzgynlygy ýatyrýar.

Sowuk suwa ýuwunmak we oňa endik etmek bedeni güýçlendirýär.

Reýhany ysgamak ýüregiňi berkidýär.

Aşgazanyň işleýşini güýçlendirýän ösümlik narpyzdyr.

Çopantelpek işdäň açylmagyna ýardam edýär.

Zeýtun ýagyny saça we beden agzalaryna çalsaň, olary berkidýär we güýçlendirýär, ýüzüň gasyn atmasyny, garrylygyň gelmesini haýalladýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *