,

Mürrügiň emi

Mürrügiň nämedigini hemmeler bilýändir. Kadaly boýuny alyp bilmän, egri-bugry bolup düwen gawuna mürrük diýilýär. Munuň özi kemisli gawun diýmegi aňladýar. Ýöne ol kiçijigem bolsa, juda süýji bolýar.
Ussat bakjaçylar, esasan, gawunda bolýan bu ýetmezçiligiň öňüni almagyň usullaryny hem bilipdirler. Şonuň üçin gawun biýarasy güýç ýeterden köp terne getiriberse, pazylyň öseriniň ujuny çyrpypdyrlar. Soň hem gawunyň ternesiniň mürrük bolup başlan tarapyny dyrnap, gawunyň daşyny çalaja sydyrgylap çykypdyrlar. Şeýle edilen gawun tizden özüni tutup, kadaly ösüp başlapdyr. Ýöne barybir mürrüklikden açylan gawunyň çigidi doly bolmandyr. Ýagny eti doly bolsa-da, onuň mürrük bolan tarapyndaky çigitleri puç bolupdyr. Şeýle gawun diýseň peýdalydyr.

Leave a Reply

Your email address will not be published.