,

“Halyçy gözel” Muhammet Atadurdyýew/Aýdym

Muhammet Atadurdyýew
Aýdym
Halyçy gözel

Güller içre gözleýärkäm gazaly,
Gördüm seni gözel bahar, ýaz ýaly.
Bagladyň ýüregmi şirin saz ýaly.
Aýdaý, kimiň ýary, halyçy gözel!

Gözläp tapyşym deý, asmandan Aýy,
Görsem, ýene bersem bägülden paýy,
Şeýle gözel görmek müň ýylyň paýy,
Çekmen ahy-zary, halyçy gözel!

Seýik bolsun ýüregmiziň ýarasy,
Gül ýaşamaz, ýaşamasa arysy,
Saňa taýyn deňär hindi tawusy,
Bagyň alma-nary – halyçy gözel!

Söýdüm seni, bolman ýarymdan aýra,
Birje düşmän ýürek tarymdan aýra,
Ýürek aýdymyn çal, bagşy, jan saýra,
Ýüregimiň tary – halyçy gözel.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *