,

APPENDİSİT

Appendisite halk arasynda “köriçege” hem diýilýär. Aslynda welin, bu kesel köriçegäniň gurçuk şekilli ösüntgisiniň (appendiks) gaýnaglamasydyr. Appendisitiň döreýşi, geçişi, anyklanylyşy bilen tanyş bolalyň.

Appendisit nähili döreýär?

Adamyň içegesinde adaty şertlerde kesel döretmeýän dürli mikroorganizmleriň (saprofitler) köp sanlysy ýaşaýar. Ýöne belli-belli ýagdaýlarda, hususan-da ösüntgidäki toplumyň (massa) köriçegä geçmegi kynlaşanda saprofitlerleriň kesel dörediji häsiýeti ýüze çykýar. Gurçuk şekilli ösüntginiň boşamagyna bolsa onuň egrelmegi, gatan täret bilen yşgalaňynyň dykylmagy, maýda soguljanlaryň ýa-da çüýrüntgileriň dargamagyndan emele gelýän önümleriň gyjyndyrmagy zerarly nemli bardanyň çişmegi päsgel berip bilýär. Içiň häli-şindi gatamagy sebäpli köriçegäniň täret toplumyndan dolmagy, ýelmeşmeler, dogabitdi kemçilikler hem ösüntginiň boşamagyny bökdeýär. Mal beloklaryna baý önümleriň (et, balyk) aşa köp ulanylmagy zerarly aşgazan-içege ýollaryna agram salynmagy bir tarapdan iç gatamanyň ýüze çykmagyna getirse, beýleki bir tarapdan içegedäki çüýremäni güýçlendirýär. Diýmek, iýmitde etiň çäklendirilmegi, ösümlik beloklaryna baý gök önümlere, miwelere, däneli we kösükli ösümliklere ürç edilmegi appendisitiň öňüni almagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Appendisitiň nähili görnüşleri bar?

Esasan ýiti we dowamly appendisit tapawutlandyrylýar. Gurçuk şekilli ösüntginiň gaýnaglamasy onuň nemli (içki) bardasyndan başlanýar. Bu hadysa soňabaka ösüntginiň diwarlaryna ýaýrap, dokumalaryň iriňlemegine, deriniň aşagynda çişleriň döremegine (flegmonoz appendisit) getirýär. Käte haýsydyr bir meýdançada diwarjyk tutuşlygyna weýran edilýär. Netijede iriň garyn boşlugyna geçýär (deşilen, ýarylan appendisit). Ösüntgini iýmitlendirýän damarlarda ganaýlanyşyň bozulmagy onuň jansyzlanmagyna (çüýrän appendisit) getirip bilýär.

Ýiti appendisit nähili alamatlar bilen ýüze çykýar?

Appendisitiň bu görnüşi garnyň aşagynda, aglaba sag tarapda duýdansyz döreýän güýçli agyry bilen başlanýar. Ilki sepirjekde duýulýan agyry soňabaka göbegiň daşyna ýaýraýar. Birnäçe sagatdan soň garnyň sag tarapynda, aşakda (köriçegäniň ýerleşen ýerinde) ornaşýar. Bütin garna ýaýraýan agyry  kem-kemden güýçlenýär, syrkaw üsgürende, göwresiniň ýagdaýyny üýtgedende, ylaýta-da çep gapdalyna ýatmaga synanşanda has ýitileşýär. Adatça çagarda we gartaşan adamlarda onçakly ýiti bildirmeýär. Ýürek bulanma, gusma, iç gatama ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Özüňde appendisitiň bardygyny nädip bilmeli?

Dowamly appendisitde köriçege töwereginde wagtal-wagtal ýa-da mydama bildirip duran agyry döreýär. Bu alamatlar islendik wagtda keseliň ýitileşmegine ýa-da ýiti appendisitiň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Şoňa görä, syrkaw özünde şeýle näsazlyklaryň bardygyny duýan dessine anyklaýyş-bejeriş işlerine geçirmek üçin lukmana ýüz tutmalydyr.

Appendisit nähili anyklanylýar?

Appendisiti anyklamagy kynlaşdyrýan 2 ýagdaý bar:

1. Garynda ýüze çykýan agyrynyň garyn boşlugynyň ýiti hirurgiki keselleriniň islendik biriniň: ýiti appendisitiň, ýiti holesistitiň, ýiti pankreatitiň, ýiti içege geçirmezliginiň, gysylan garyn ingileriniň, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň baş keselleriniň gaýraüzülmeleriniň (gan akmasy, deşilmesi we ş.m.) alamaty bolmagy mümkin.

2. Gurçuk şekilli ösüntginiň adaty ýerleşýän ýerinde däl-de, garyn boşlugynyň başga ýerinde ýerleşmegi mümkin. Onuň adaty däl ýerleşiş nokatlarynyň 7-si mälimdir. Tejribeli lukman eli bilen basyp görmek arkaly tapawutlandyrmagy başarýar. Laparoskopiýa barlagy appendisiti anyklamagyň iň ygtybarly we has anyk netije berýän anyklaýyş usuly bolup durýar. Onuň kömegi bilen keseli diňe bir anyklamak däl, eýsem, operatiw usul arkaly bejermek hem mümkindir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *