,

“Gelmediň” Nury Baýramow/Aýdym

Nury Baýramow Türkmenistanyň halk ýazyjysy
Aýdym
Gelmediň

Bägül ekdim, gunça açdy,
Gül ýolmaga gelmediň.
Baglarymda iýmiş bişdi,
Näzli ýarym, gelmediň.

Läläm, seni altyn Aýyň,
Ýalkymyndan gözleýän.
Joşly derýaň şelpe kakýan,
Tolkunyndan gözleýän.

Däli köňlüň aýdymyna,
Diň salmaga gelmediň.
Aýnaňyzdan ogryn bakdym,
Birje nazar salmadyň.

Baýra çykdym, dünýä bakdym,
Köňlüm karar tapmady.
Näzli ýarym, kän garaşdym,
Mende köňlüň ýokmudy?!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *