Halypanyň sargydy/bejergiler

Halypanyň sargydy
Taňryberdi Çörekliýew alym, gastroenterolog.

Aşgazan bejergisinde:

0,5 kg. mesge, 0,5 kg. hoz, 0,5 kg. ary baly, 0,5 kg. käşir – şularyň hemmesini bölüşdirip, eredip, garyşdyrmaly, syrçaly, gapakly gaba guýup, ony hem suwly jamda – manty gapda goýup iki sagatlap gaýnatmaly.
Melhemi bir nahar çemçeden günde dört gezek aç wagtyň, nahardan öň çeýnäp iýmeli. Agşamkyny ýatmazdan öň sagat on birlerde kabul etmeli. Melhemi on sekiz gün almaly.

Öthaltanyň bejergisinde:

Bir bulgur ary balyny bir bulgur künji ýa-da zeýtun, ýa bolmasa, arassa ösümlik ýagyny syrçaly gaba guýup, garyşdyrmaly. Ony hem gaýnag suwly jamda iki sagat saklamaly.
Melhemi bir nahar çemçeden günde dört gezek aç wagtyň nahardan öň on sekiz gün ulanmaly…
Biz bu melhemlik bejergileri özümizde hem-de birnäçe näsaglarda ulanyp, peýdanlandyk.
Bejergileri maşgala lukmanyňyz bilen maslahatladyp ulansaňyz, has hem ýerlikli bolar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *