Nika gyýlandan soň Durmuşa çykýan gyzyň we öýlenýän ýigidiň borçlary:
Gyzyň ýedi borjy:
- Allany bir bilmeli, ýanýoldaşyňy hem şeýle belent derejede hasaplamaly.
- Başyňy, teniňi nämährem kişi açyk ýagdaýda görmeli däl.
- Ýanýoldaşyň aýbyny açmak, gybatyny etmek peslikdir.
- Adamyňdan birugsat kişiniň perzendini emdirmekden saklanmaly.
- Ýanýoldaşyňdan rugsatsyz ýakyn-u-alys ýere çykyp gitmeli däl.
- Adamyň gazanan emlägini hiç kime birugsat bermeli däl.
- Adamyňy närazy edip dünýäden ötmek ýülünmesi kyn günä hasaplanylýar.
Ýigidiň ýedi borjy:
- Maşgalanyň iýjegi, geýjegi seniň boýnuňa.
- Halkyň ynam-ygtykadyna wepaly bol!
- Maşgalaňy halal gazanç, halal tagam bilen ekle!
- Maşgalaňa dünýä kylyp ber – hojalygy aýlar ýaly gazanç et diýmek uslyp däl.
- Maşgalaňa el galdyrmak, paýyş sözleri aýtmak peslikdir.
- Hiç wagt gep-gürrüňe gitme!
- Bişirmegi-düşürmegi maşgalaň öz ygtyýaryna goý!