,

Reýhan

Aşpezler reýhany naharlaryň we işdäaçarlaryň tagamyny artdyrýan hoşboý ysly ter gök otlaryň iň gowusy hasaplaýarlar. Onuň bejeriji we deriniň ýagdaýyny gowulandyryjy häsiýeti bolsa gadym eýýamlardan bäri mälimdir.

Içki täsiri:
Reýhan B1 we B2 witaminleriniň, rutiniň, efir ýaglarynyň, saponinleriň egsilmez çeşmesidir.

Düzüminde saklanýan askorbin turşusynyň mukdary boýunça reýhan hoşboýlyklaryň arasynda petruşkadan, gara we gyzyl burçdan soň dördünji orny eýeleýär.

C we PP witaminlerine baý bolmagy reýhandan taýýarlanan melhemlikleri gan damarlarynyň diwarlaryny pugtalandyryjy serişde hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Reýhan ganaýlanyşyň işjeňleşmegine itergi berýär.

Bu hoşboý ysly otda köp mukdarda saklanýan efir ýagy dişagyryny köşeşdirýär. Munuň üçin efir ýagynyň 1 damjasyny 100 gram suwa garyp, günde 4-5 gezek agzyňy çaýkamaly.

Reýhanda merkezi nerw ulgamyny rahatlandyrýan kamfora köpdür.

A witamininiň deriniň, saçlaryň, dyrnaklaryň ýagdaýyny gowulandyrýandygy bellidir. Reýhanda bu witaminiň sintezlenmegine gatnaşýan karotin saklanýar.

Reýhanyň düzümindäki efir ýaglary we saponinler dem almagy ýeňilleşdirýär, üsgülewügi aýyrýar. Şoňa görä, bu ösümligiň melhemliklerini dem alyş ýollarynyň we öýken kesellerinde ulanmak peýdalydyr.

Reýhan işdäňi açýar, iýmitiň siňmegine ýardam edýär, immuniteti pugtalandyrýar.

Daşky täsiri:
Deride gaýnaglama alamatlary peýda bolanda reýhanyň ter ýapraklaryny ýapmak maslahat berilýär.

Güýçli bakterisid täsire eýe bolan reýhandan taýýarlanan melhemlikler süýjübaşda (ekzema) we çyban çykanda kömek edýär.

Saçlary pugtalandyrýandygy we olaryň düşmeginiň öňüni alýandygy üçin reýhanyň  ekstraktyny saça garyşyk etmek üçin niýetlenen serişdelere (şampun, balzam, krem) goşýarlar.

Reýhanyň jöwherinden (nastoý) taýýarlanan ýapgylar deridäki düwürtikleri (akne) aýyrýar.

Dynç alynýan otagda reýhanyň ter ýa-da guradylan ýapraklaryny saklamak maslahat berilýär. Çünki onuň ýakymly hoşboý ysy keýpiňi göterýär, ýadawlygyňy aýyrýar, kelleagyryny köşeşdirýär, nerwleri rahatlandyrýar, ukyny kadalaşdyrýar.

Reýhanyň efir ýagynyň siňeklerden we çybynlardan goraýan tebigy repellentdigi (mör-möjekleri ürküziji serişde) mälimdir. Şoňa görä, howluda reýhan ekmek ýa-da köp gatly jaýyň eýwanynda bu ösümligiň birnäçe düýbi oturdylan golçalary saklamak peýdalydyr.
Saçlary

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *