,

“Sen bolmasaň” Suraý Babanyýazowa

Sen bolmasaň

Köňüldäki şatlygym,
Sen bolmasaň, bolmaýar.
Bu näzenin ýaşlygym,
Sen bolmasaň, bolmaýar.

Agşam-säher, guşlugam,
Ak säherde buşlugam,
Her gün gelýän guşlaram,
Sen gelmeseň, gelmeýär.

Sözläre ýokdur hakym,
Özüň bermeseň höküm,
Kalbymdakyny hiç kim,
Sen bilmeseň, bilmeýär.

Ýollaň sada-mekiri,
Akmaz durmuş akymy,
Ýaňagymyň çukury,
Sen gülmeseň, gülmeýär.

Hemmeler şat, ýogsa-da,
Sen nämüçin gelmeýäň.
Bagtyň özi gelse-de,
Sen bolmasaň, bolmaýar.

4 Replies to ““Sen bolmasaň” Suraý Babanyýazowa”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *