Täret

Dinimizde, käbir ybadatlary ýerine ýetirmek üçin, düzgüne görä belli agzalaryňy ýuwmaga täret (taharat) diýilýär. Täret bize Gurhany Kerimiň “Mäide” süresiniň 6-njy aýatynda “Eý, iman edenler! Eger namaz okamakçy bolsaňyz, ýüzüňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, kelläňize mesh ediň we topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň” diýen höküm arkaly parz edilipdir.
Täretiň sogaby barada pygamberimiz Muhammet aleýhissalam şeýle diýýär: “Kim berjaý etmelisi ýaly täret alsa hem-de dogry – dürs namaz okasa, öňki eden günäleri bagyşlanar”. (Nesaýy Ibn Mäje). “Musulman bende täret alýarka, ýüzüni ýuwanda, gözi bilen seredip gazanan günäleriniň ählisi (täret alýan) suwy bilen ýa-da şol täret alýan suwunyň iň soňky damjalary bilen akyp döküler. Ellerini ýuwanda, elleri bilen eden günäleriniň ählisi (täret alýan) suwy bilen ýa-da şol täret alýan suwunyň iň soňky damjalary bilen akyp döküler. Şeýdip, ol günälerinden päklener, täreti hem doly berjaý bolar” (Tirmizi, Därimi).

Täretiň parzlary

Täretiň parzlary dörtdür.

  1. Ýüzüňi ýuwmak. Ýüzüň çägine maňlaýda saçyň bitýän ýerinden gulaklaryň arasy bilen eňegiň aşagyna çenli bolan aralyk girýär.
  2. Elleriň tirsekleriň bilen ýuwmak. Eger barmaklarda ýüzük bar bolsa, onda onuň aşagyna suw ýetirmek.
  3. Kelläniň dörtden bir bölegine öl eliň bilen mesh etmek, ýagny sypamak.
  4. Aýaklaryňy topuklaryň bilen ýuwmak.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *