,

Bilgirjeden soraglara jogaplar!

1) Global internet bir gün kesilip bilermi?

  • Häzirki wagtda internet milliartlarça adamy bir-birine baglaýar. Ýagny, her sekuntda 10 adam online dünýä gadam basýar. Şu zatlary göz öňünde tutup, global internediniň kesilmegi örän kyn ýagny mümkin däl.

2) Günüň ýene näçe wagt ömri bar?

  • Alymlaryň aýtmagyna görä, bize ýagtylyk we ýylylyk berýän ýeke-täk ýyldyz bolan Günüň ýene 5 milliard ýyl ömri galdy.

3) Ýolagçy uçaryna ýyldyrym düşse näme bolar?

  • Uçuşdan gorkýanlaryň aklyna gelip biljek pikirleriň biri. Aslynda gorkar ýaly zat ýok. Uçarlaryň daşky gatlagy alýumin metaly (başgada birnäçe metallar) bilen örtülen. Bu bolsa ýyldyryma garşy galkan bolup hyzmat edýär. Eger ýyldyrym uçara degen ýagdaýynda hem yzyna serpikdirilýär.

4) Awtoulaglaryň signallarynda nota barmy?

  • Birnäçe awtoulaglaryň signaly “Fa” notasyndadyr.

5) Kislorodyň reňki nähili?

  • Kislorod gaz halynda bolup reňksiz, yssyzdyr. Emma suwuk we gaty halynda solak mawy reňkde görmek bolýar.

Bilgirjä soraglaryňyz bolsa bilgirje.tm@gmail.com adresimize ýa-da aşakda ýerleşýän teswirler bölümine ýazyp bilersiňiz!

2 Replies to “Bilgirjeden soraglara jogaplar!”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *