,

“Halkaly Gün tutulma”

Halkaly Gün tutulma hadysasy 2D görnüşde

2020-nji ýylyň  21-nji iýunynda seýrek gabat gelýän “Halkaly Gün tutulma” hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. Astronom alymlaryň aýtmagyna görä, bu hadysany adam gözi bilen seretmek maslahat berilmeýär. Görmek üçin ýörite gün äýnekleri ulanmaklyk maksada laýyk bolar diýip aýdýarlar. Halkaly Gün tutulma hadysasynyň esasy merkezi Afrika, Arabystan, Hindistan, Hytaý we Taýwan ýaly ülkeler diýlip çaklanylýar. Güneşli ülkämizde hem hadysa (ýiti däl şöhle bolsada, gysga) tomaşa edip bolar diýip çaklanylýar.

Gün tutulma hadysasynyň merkezleri gyzyl çyzyk boýunça berlendir.

Ýagny Aşgabat wagty bilen:
21.06.2020
Başlanýar: 09:43.       
Gutarýar:   12:26.
Dowamlylygy: 2 sag. 43 min.

(Berlen sanly maglumatlar timeanddate.com saýtyna degişlidir!)

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *