,

Edebiýat teoriýasy

Oçerk. Özboluşly edebi žanr hasaplanýan oçerk epos-kyssa görnüşine degişli bolup, ol hakykaty, ynsan häsiýetini suratlandyrmakda özboluşlylyga eýedir. Oçerkde waka, hereket edýän gahrymanlar durmuşdan alynýar. Hekaýanyň, powestiň, romanyň wakalary hem, hereket edýän gahrymanlary hem durmuşdan alynýar. Oçerkde dokumentallyk güýçli. Faktlar, adam atlary üýtgedilmän, şol bolşunda ulanylýar. Ussat ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň “Syýahatnama” eseri oçerke degişlidir. Oçerk žanrynyň ýene bir aýratynlygy – onuň döwrüň, ýaşaýşyň möhüm meselelerine, wakalaryna bada-bat, öz wagtynda seslenip bilmäge ukyplydyr.

Rowaýat-legenda. Rowaýat-legendalar, esasan, halk döredijiliginiň çeperçilik derejesini aňladýan žanrlarynyň biridiginden başga-da, halkyň geçmiş taryhyndan maglumatlar toplumyny asyrlardan aşyryp, biziň şu günlerimize ýetirenligi sebäpli-de ähmiýetlidir. Rowaýatlar taryhymyzda yz galdyran görnükli şahsyýetlere, ýer-ýurt atlaryna bagyşlanan özboluşly mazmunly, formaly çeper eserlerdir. Beýik Magtymguly, Aleksandr Makedonskiý, Nowaýy, Kemine, Seýdi baradaky rowaýatlar halkymyzyň edebi çeper mirasyna degişlidir. Rowaýatlaryň has gysga ýa-da kompozisiýa sýužetli epiki häsiýetli görnüşleri-de bar. Rowaýatlar akyly, paýhasy, ugurtapyjylygy belentde goýýar.

Nakyllar mazmun we forma taýdan ýokary kämillige eýe. Nakyllar her bir halkyň gözellik-bedroýlyk, ýagşylyk-ýamanlyk, haýyr-şer… baradaky ideýalarynyň köp asyrlyk taryhynyň kebşirlenip, taraşlanyp düwünçege düwülmesidir. Nakyllaryň gönezligi, çeşmesi halkdyr we onuň dana ogullarydyr. Nakyllarda milli häsiýet ýiti görünýär. Munuň sebäbi, nakyllaryň halk ideýalaryny aňladýanlygy sebäplidir. Meselem: “Ýatan öküze iým ýok”, “Ertir tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy gör”.

Matallar – halkyň öz halkyny – çagalaryny üşükli etmek aladasynyň netijesi esasynda dörän edebi žanrdyr. Matallaryň gysgalygy, çeperçiligi, olary köpçülikde ýatdan aýtmak mümkinçiligini döredipdir. Aslynda, matallaryň gysby, akgynly bolmagy köpçülige gönükdirilmegi sebäplidir. Matalda bilinjek bolunýan närsä, düşünjä mahsus bolan alamatlar beýan edilmeli. Bu diňe bir oýlanmagyň – paýhasyň zerurlygy bolman, matallaryň aýratyn synçylygy talap edýänligidir. Synçylyk aýratyn ukyp, aýratyn zehindir. Synçy adam duýgur bolýar. Duýgurlyk duýgy dünýäni, hakykaty çeper görmegiň, çeper beýan etmegiň esasy şerti. Diýmek, matallaryň üsti bilen diňe bir oýlanmak, akyl ýetirmek däl, eýsem duýmak ukyby hem terbiýelenýär. Şeýle bolýan bolsa, matallar çeper döredijilik mekdebiniň bir sapagyna öwrülýär. Meselem: “Matalym matdy, ýere girip gum atdy” (pil).

Şorta sözler. Şorta sözler halkyň ýiti zehine, pähime goýýan sarpasynyň, synçylyga bolan ünsüniň, jaýdar sözi ulanyp biliş ussatlygynyň, pikire, logika agram salmagynyň netijesinde dörän özboluşly žanr. Şorta sözler bularyň üstesine aýdyjydan-da, diňleýjiden-de ýokary medeniýetli, çydamlylygy, erki talap edýär. Şorta söz – degişmek. Degişmä her kim düşünip baranok. Diýmek, şorta söz durmuşyň, adam häsiýetiniň wawwaly ýerini gülki astyna almak arkaly degişmek ukybyny terbiýeleýär. Şorta söz – bu durmuş hakykatyny, adam häsiýetini degişmä salyp görmegiň, aňmagyň oňat ýoludyr. Türkmen halky Ependi, Kemine, Ata Köpek Mergen ýaly şahsyýetleri şorta sözüň ussady hasaplaýar. Kähalatlarda öz döredenlerini hem bu halypalaryň atlaryna berýärler.

Leave a Reply

Your email address will not be published.