Doping derdeseri

Doping dünýä sportunyň “aýagyna palta urýan” agyr derdeserleriň biri hökmünde tanalýar. Eýsem, doping näme?

1886-njy ýylda Fransiýada bolan ýaryş mahaly iňlis welosiped sürüjisi Dewid Lintonyň ýüregi togtapdyr. Geçirilen lukmançylyk barlagy onuň trimetil ulanandygy ýüze çykarylypdyr. Şeýdip Linton doping – bedeni emeli ýol bilen gujurlandyrýan serişde ulanan ilkinji türgen hökmünde sportuň taryhyna giripdir. Elbetde, munuň bilen ylalaşman hem bolar. Çünki şol döwürlerem doping ulananlaryň başga-da bolan bolmagy ähtimal. Şonuň üçinem betbagt sürüji telek iş edip, “Ele düşenleriň” ilkinjisi diýilse dogry bolar.
Ondan bäri köp wagt geçdi. Gadagan edilen serişdeleri ulanýarlaryň sany bolsa köpelmese azalmady. Doping sportuň başyndan musallat bolup indi. Gynansak-da, ýaryş mahaly ýürek togtamak ýaly heläkçilikli hadysalaryň 7 göterimi şonuň bilen baglydyr. Ýöne bu “kerebe” çolaşanlaryň keselbent, maýyp-müjrüp bolup düşege baglanyp ýatýanlarynyň-a, dogrusy, hasabam ýöredilenok.
Doping derdeseri geçirilýän iri halkara ýaryşlaryň guramaçylarynyň, Bütindünýä dopinge garşy göreş gullugynyň iň kelleagyry meselesine öwrüldi. Doping serişdesini ulanan köp türgen ýaryşlardan çetleşdirildi. Olaryň arasynda sportuň agyr we ýeňil atletika, welosport, suwda ýüzmek, göreş, boks, gylyçlaşmak, hatda sapançadan ok atmak ýaly görnüşleriniň wekilleri bar. Ýöne hünärmenler bu sanlary umumy doping ulanýanlaryň däl-de, diňe ýüze çykarylanlaryň sany hökmünde kabul edilmelidigini ýatladýarlar. Muňa esas ýok hem däl. Mysal üçin, ABŞ-ly ýeňil atletikaçy, Olimpiýa oýunlarynyň we dünýä çempionatlarynyň birnäçe gezek ýeňijisi Meron Jons altyn medallarynyň lowurdysynyň aňyrsynda gara etmişiň ýatandygyny – yzygiderli doping ulanyp gelendigini bütin dünýä aýan etdi. Ol özüniň karam ýol bilen gazanylan medallaryň eýesi bolup oturmaga hukugynyň ýokdugyny aýdyp, sport jemgyýetçiliginden, janköýerlerden ötünç sorady.
Bäş gezek Olimpiýa çempiony bolan Maýkl Jonson bu meselede arassa bolsa-da, ildeşiniň göreldesini eýerdi. Ol Sidneý Olimpiadasynda (2000 ý) 4×400 m. estafetada gazanan altyn medalyny Halkara Sport komitetine gaýtaryp bermek kararyna geldi. Mundan başga-da sportuň taryhynda şuňa meňzeş birnäçe wakalar bolup geçdi. Emma häzirki wagtda, Bütindünýä dopinge garşy göreş gullugy bu mesele boýunça uly işler alyp barýar. Barlaglar, tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen amala aşyrylýar.

Doping serişdeleri we olaryň görnüşleri:

Stimulýatorlar – akyl taýdan hem, fiziki taýdan hem bedeni stimulirlemek üçin beýnä täsir edýän serişdeler. Uzak wagtlap ýokary derejede bäsleşmäge ýardam edýär, agyryny aýyrýar, agramyňy peseldýär.
Anabolikler – erkeklik garmony testosterona ýakyn täsiri bolan tebigy ýa-da ýasama komponentler. Beden etlerini ösdürýär, güýji, çydamlylygy artdyrýar. Uzak wagtlap ýygjam türgenleşmäge ýardam edýär.
Diuretikler – bedenden suwuklyk çykaryjy serişdeler. Agramy peseltmek we beýleki gadagan edilen serişdeleriň ulanylandygynyň üstüni ýapmak üçin peýdalanylýar.
Peptid gormonlary we olara kybaplar – belli-belli funksiýalara gözegçilik etmek üçin adam organizmi tarapyndan öndürýän agyry aýyryjy serişdeler. Ösüş garmonlary bedeniň etini we güýji artdyrýar. Şikeslerden we türgenleşiklerden soň güýjüňi dikeltmäge, eritroponetin bolsa ganyň kislorody çalt özleşdirmegine ýardam berýär.
Ganyň dopingi – türgeniň ganyna donor erotrotitleriniň aralaşdyrmagy. Başgarak usuly hem bar: ýaryşa iki-üç aý galanda gan alyp, ýapyp goýýarlar. Soňra organyň gan ýetmezçiliginiň ýerini dolansoň, gany yzyna guýýarlar. Ganyň kislorod özleşdirijiligi näçe ýokary boldugyça türgen çydamly bolýar.
Farmakologiki, himiki we fiziki pirim-hileler (başga adamyň peşewini ulanmak, epitestosteron, bormantan) – peşewiň barlagyny üýtgetmek üçin dürli ýollary we serişdeleri ulanmak. Türgene peşewinde bar bolan gadagan edilen serişdeleriň üstüni ýapmaga ýardam berýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *