,

Nobatguly Rejebowyň ömür ýoly

Nobatguly Rejebow – Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr, dramaturg.

Nobatguly Rejebow 1946-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Serhetabat (ozalky Guşgy) etrabynyň Sandykgaçy obasynda doguldy. Ol oba mekdebini, soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fakultetiniň nemes dili bölümine okuwa girdi. 1969-njy ýylda şol okuw jaýyny tamamlady. 1969-1975-nji ýyllar aralygynda mekdepde mugallym bolup işledi.
1975-nji ýylda Aşgabada göçüp geldi. Ol 1975-1977-nji ýyllarda «Tokmak» žurnalynda, 1977-1980-nji ýylda «Türkmenistan» neşiýatynda, «Garagum» žurnalynda, «Edebiýat we sungat» gazetinde dürli wezipelerde işledi. Ol köp ýyllar Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Naýza» žurnalynyň baş redaktory bolup zähmet çekdi. Dürli ýyllarda şahyr Nobatguly Rejebowyň 17-den gowrak goşgular ýygyndysy neşir edildi.  Onuň «Durnalaryň düşelgesi» atly goşgular ýygyndysy Moskwanyň «Molodaýa gwardiýa» neşirýatynda rus dilinde çap edildi. 2019-njy ýylda onuň “Kalbymyň senasy” atly goşgular kitaby neşir edildi. Nobatguly Rejebow dramaturg hökmünde köp işler etdi. Geçen asyryň segseninji ýyllaryňda onuň «Gedaý bagşy» atly tragediýasy, «Bally molla», «Düýşdäki gyzy gözläp» ýaly birnäçe komediýalary sahnada goýuldy. Häzir paýtagtymyzyň teatrlarynda onuň «Jahan jomardy», «Gyrat», «Hak aşyklar», «Döwletli döwran geldi», «Halal hazyna», «Sahawat derýasy» atly oýunlary oýnalyp ýör. Nobatgulynyň ssenarileri boýunça «Ýalkamyş bagşy», «Ajaýyp», «Arşyň pynhan hikmeti», «Gyzykly gezelenç» atly çeper filmler surata düşürildi. Nobatguly Rejebowyñ goşgulary rus, gruzin, ukrain, gazak, özbek… dillerinde döwürleýin metbugatda çap edildi. Şahyr, dramaturg Nobatguly Rejebow 1997-nji ýylda «Watana bolan söýgisi» medaly bilen sylaglanyldy. Ol birnäçe gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, şa serpaýlaryny aldy. 2011-nji ýylda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk” ýubileý madaly bilen sylaglandy. Nobatguly Rejebow 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Sungatda at gazanan işgäri diýen hormatly ada mynasyp boldy. Halypa şahyr ömrüniň soňky günlerine çenli Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň baş redaktory soňra bolsa Alp Arslan adyndaky döwlet drama teatrynyň edebiýat bölüminde işledi.

Nobatguly Rejebow öz terjimehalynda şeýle ýazýar:
“1975-nji ýylda ýaş ýazyjy-şahyrlaryň  Bütinsoýuz maslahatyna gatnaşyjy boldum.1978-nji ýylda meniň  «Topragyň tagamy» atly  ilkinji kitabym “Türkmenistan” neşirýatynda çapan çykdy. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çleni boldum. Şol ýylam men «Türkmenistan» neşirýatyna işe geçip, 1981-nji ýyla çenli işledim. Men «Garagum» («Sowet edebiýaty»)  žurnalynda uly redaktor, “Edebiýat we sungat” gazetinde bölüm müdiri bolup işledim. Men erkin döredijilik bilen meşgullandym, bir salymdanam Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasyna işe geçdim, esasy redaktor, jogapkär sekretar, soňra  bäş-alty ýyl şol kinožurnalyň baş redaktory boldum. 2001-nji ýyldan 2004-nji ýyla çenli kinostudiýanyň baş redaktory, esasy redaktory, baş redaktoryň orunbasary, ýene baş redaktor bolup işledim. Dürli ýyllarda meniň «Ajaýyp dünýä», “Ýyldyz dagy”, “Üç çemen”, “Jemşidiň jamy” atly  goşgular ýygyndym, çagalara niýetlenen «Ady kän oglan», “Dili peltek bezbeltek”  kitaplarym çap edildi. Men Moskwada geçirilen Bütinsoýuz ýaş ýazyjy-şahyrlaryň konferensiýasyna gatnaşdym. Konferensiýada meniň goşgularyma uly baha berildi, dessine-de «Molodaýa gwardiýa» neşirýatynda «Durnalar üçin düşelge» ady bilen rus dilinde çapdan çykdy. Şol ýyllar men kyssa hem dramaturgiýa bilen gyzyklanyp başladym. Meniň «Guduz» atly powestim aýratyn kitap bolup, “Dünýä haçan namart oldy?” powestim ýaşlar žurnalynda çap edildi. 1984-nji ýylda Aşgabadyň Aman Gulmämmedow adyndaky Milli ýaşlar teatryda «Gedaý bagşy» atly tragi komediýam goýuldy. (Režissýory Baýram Seýdullaýew) Spektakl öz döwründe gaty meşhur boldy, şol pýessa boýunça kinorežissýor Oraz Orazow «Ýalkamyş bagşy» atly iki seriýaly kinofilm döretdi. Şol ýyllar Çärjewiň teatrynda «Düýşdäki gyzy gözläp», Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky aýdym-sazly teatrynda ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýew bilen bile ýazan «Çuwal bagşy» atly oýnumyz tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. “Bally molla” atly komediýam gaty gyzykly çykdy. Men 1990-njy ýyllarda ispan şahyry Kalderonyň «Jadygöý jenan» atly goşgy bilen ýazylan komediýasyny, meşhur Serwantesiň «Don Kihot Lamançly» atly dünýäni baglan beýik romanyny terjime etdim. Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesow hakda dokumental filmi döretdim. Dürli ýyllarda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde «Ajaýyp» (kinokomediýa), ajaýyp çeh ýazyjysy Karel Çapegiň «Aýratyn  haly» atly hekaýasynyň äheňinde “Arşyň pynhan hikmeti” iki seriýaly, “Awazanyň aýdymy”, “Gyzykly gezelenç” alty çeper filmlerim surata düşürildi. Men kyrka golaý  sahna eserini ýazdym, olaryň galabasy komediýadyr”.
    Nobatguly Rejebow 2020-nji ýylyň maý aýynyň 7-sinde 74 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *