,

“Eje!” Gülşirin Hanowa

Ýürek syrym gemre-gemre,
Müňläp pikir düşlär serme,
Gussam ýeriň çuň ýerine
Gömesim geldi-le, eje!

Seni şum ajala dözmän,
Oda düşdüm gözläp-gözläp,
Näm edeýin ýalan sözläp,
Sönesim geldi-le, eje!

Garaşmak synagdyr, ýitsin,
Garaşan myrada ýetsin,
Agyr derde goýup gitdiň,
Gidesim geldi-le, eje!

Gelmezmi bagtyň çapary,
Uzak aýralyk sapary,
Ýüregimde yşk ýakany,
Göresim geldi-le, eje!

Bozup takdyryň kadasyn,
Götersem şerbet badasyn,
Sensiz aglabam ýadadym,
Gülesim geldi-le, eje!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *