,

Adamyň agzyndan näme üçin ýakymsyz ys gelýär?

Agyz boşlugynyň arassalygy adamyň durmuşynda uly orun tutýar. Kähalatlarda, käbir adamlarda agyz boşlugyndan ýakymsyz ys gelýär. Bu ýagdaý köplenç adamyň özüne göwün ýetmezligini we gürleşmekde päsgelçilikleri döredýär. Agyzdan gelýän ys hemişelik ýa-da wagtal-wagtal peýda bolup biler (meselem diňe aç wagty). Bu ýagdaý köplenç stomatologiki ýa-da terapewtiki sebäpler bilen bagly bolup biler. Lukmançylykda agyzdan ýakymsyz ysyň gelmegine galitoz diýilýär. Onuň birnäçe görnüşleri bar:

FIZIOLOGIKI — galitozyň bu görnüşi agyz
boşlugynyň fiziologiki aýratynlyklary bilen bagly
bolýar we diliň yzky böleginde şertli kesel dörediji mikrof­loranyň bolýandygy bilen düşündirilýär. Bu ýagdaýda, köplenç dişler we diş etleri sagdyn bolýar.

PATOLOGIKI — bu görnüşde ys gelmeginiň esasy sebäbi agyz boşlugyndaky dürli sowuklamalar ýa-da içki agzalardaky keseller sebäp bolup bilýär.

PSEWDOGALITOZ — bu görnüşde gaty ýiti bolmadyk ys agyz boşlugynda bolup, töweregindäki adamlar tarapyndan duýulmaýar, ýöne näsagyň özüni biynjalyk edýär.

Galitozyň döremegine näme sebäp bolýar?

  1. Stomatologiki sebäpler: birinji nobatda ysyň sebäbi kariýes bolup bilýär. Dişleriň dargamagynda emele gelen boşluklarda iýmit bölejikleri saklanyp bilýär we şol ýerde bakteriýalar köpelýär, olar öz gezeginde ýakymsyz yslary döredýär.
  2. Parodontoz — diş etiniň zeperlenmegi.
  3. Agyz boşlugynyň gigiýenasynyň ýeterlik derejede bolmazlygy (şol sanda protezleriň, kaplaryň, breketleriň).
  4. Agyz boşlugynyň «gury sindromy» — tüýküligiň haýal ýa-da az mukdarda bölünip çykmasy esasynda agyz boşlugynyň tebigy arassalanyp durmasy bozulýar we bakteriýalaryň köpelmegine şert döredýär. Gury sindromyň sebäpleri: tüýkülik mäzleriň keseli, süýjüli diabet, awitaminoz, botulizm, şöhle bilen zeperlenmeler, käbir derman serişdeler.
  5. Iýmitlenişiň häsiýeti: ýakymsyz yslaryň peýda bolmagyna köp mukdarda beloga baý bolan süýt we et önümlerini kabul etmekligi ýardam berýär.
  6. Somatiki keseller:
    • aşgazan-içege ulgamynyň keselleri (ezofagit, gastroezofageal reflýuks keseli, gastritler, ýara baş keseli, aşgazanda gan akmalar (az mukdarda), öt halta, bagyr keselleri, içege keselleri);
    • öýken keselleri (bronhoektaz keseli, iriňli bronhitler we başgalar);
    • gulak-burun-bokurdak agzalarynyň keselleri (angina, gaýmorit, adenoidler we başgalar).
  7. Gormonal üýtgemeler: jyns gormonlaryň deňagramlygy bozulan ýagdaýlarda tüýküligiň düzümi üýtgäp bilýär. Tüýkülik şeppeşik bolýar, düzüminde kislorod azalýar. Kislorodyň azalanlygy sebäpli käbir «uçýan» birleşmeler peýda bolýar we ýakymsyz yslary döredýär.
  8. Çilimkeşlik: çilim çekilýän wagtda birnäçe üýtgeşik ysly madda lar emele gelýär. Ondan başga temmäki agyz boşlugynyň nemli bardalaryny guradýar we onuň tebigy arassalanmagyny bozýar. Çilim çekilende agyz boşlukda kislorodyň mukdary hem azalýar,
    ol öz gezeginde kislorodsyz şertlerde ýaşap bilýän anaerob bakteriýalaryň köpelmegine getirýär. Bu zyýanly endik diş «daşlaryň» emele gelmesine we diş etleriniň alawlamasyna hem getirýär. Birnäçe keseller agyz boşlukdan gelýän yslara sebäp bolup bilýärler, ýöne näsaglar köp ýagdaýlarda özleri ysy duýmaýarlar. Egerde agyz boşlukdan ýakymsyz ys, sepirjekde agyrylar, sary gaýnama, agzyň ajamagy, gägirme, ýürek bulanma (gaýtarma), garnyň ýellenmegi, täretiniň üýtgemegi (iç gatama ýa-da içgeçme) ýaly alamatlar bilen bilelikde ýüze çyksa, onda aşgazan-içege ulgamynyň keselleri barada pikir edip bolýar. Bu alamatlar aşgazan-içege ulgamynyň köp keselleri üçin mahsus bolup bilýär: ezofagit, gastroezofageal reflýuks
    keseli, diafragmal ingi, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň ýara baş keseli, öt haltanyň, aşgazanasty mäziniň, bagryň we içegeleriň keselleri, şol sanda hem howply täze döremeler bolup bilýär. Bu keselleriň arasynda häzirki döwür «Gastroezofageal reflýuks keseli» has köp duş gelýär. Gastroezofageal reflýuks keseli — bu aşgazan şiresiniň, şol sanda duodenal şiresiniň gyzylödege pürkülmegi bolup geçýär. Kesel
    özbaşdak kesel bolup biler ýa-da başga bir keseliň gaýra üzülmesi hökmünde ýüze çykýar. Adamlary bu keselde ýakymsyz ysdan başga sepirjekde, döşünde ýanýan, gyzýan ýaly agyrylar, sary gaýnama biynjalyk edýär, has-da ýagly, ajy naharlary, gazly içgileri kabul edenden soňra ýüze çykýar.

Galitozyň bejergisi
• Galitozy bejermek üçin ilki onyň sebäbini doly anyklamaly we şoňa görä bejergileri geçirmeli.
• Adamyň agzyndan gelýän ýakymsyz yslar yzygiderli biynjalyk edip dursa we özbaşdak geçirilýän arassaçylyk çäreler peýda bermese, näsag stomatologa, terapewte gulak-burun- bokurdak
lukmanlaryna ýüz tutmaly. Diňe lukmanlar sebäbini anyklap ýörite bejergileri belläp bilerler.

Ýakymsyz ysy nähili aýyrmaly?

• Agyz boşlugynyň arassaçylygyny yzygiderli saklamaly:

  • dişleri iň azyndan günde iki wagtyna arassalamaly;
  • her nahar iýenden soňra agyz boşlugyny ýörite erginler bilen çaýkamaly;
  • mikroblaryň köpelmegine şert döredýän dilde emele gelýän örtükleri arassalap durmaly.
    • Diş keselleriniň öňüni almak üçin yzygiderli stomatologa ýüz tutmaly, kesel dörän bolsa olary wagtynda bejertmeli;
    • Gündeki iýmitde sogan, burç, sarymsak, peýnirler, şöhlatlaryň salýami görnüşleri we beýlekileri yzygiderli kabul edilende ýakymsyz yslary döredip bilerler, sebäbi bularyň düzümine giren sistein bakteriýalaryň täsiri esasynda wodorodyň sulfidine öwrülýär, ol hem öz gezeginde ýakymsyz ysyň sebäbi bolýar.
    • Zyýanly endiklerden gaça durmaly (temmäki, spirtli içgiler).

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *