,

Girman bagşy

Meşhur Girman bagşy 1906-njy ýylda Tejen etrabynyň Amaşagapan obasynda bagşylar maşgalasynda dünýä inýär. Onuň kakasyna Ýagşysähet bagşy diýer ekenler. Bagşynyň çyn ady Orazsähet bolupdyr, Girman onuň lakamydyr. Ýagşysähet aga başga halypa gözlemän, ýaşajyk Girmana özi halypalyk edip başlaýar. Onuň boýy kiçijik bolansoň, bu at güýçli, daýaw bolsun diýen niýet bilen oňa kakasynyň dakan adydyr. Girman bagşy ýigrimi ýaşlaryna baranda, meşhur Annaesen bagşydan we Agajan bagşydan aýdym-sazyň inçe-inçe ýollaryny birkemsiz öwrenip öwrenip, halk arasynda giňden tanalyp başlaýar. Ol ady belli bagşy-sazandalar Nobat bagşy, Uly Garly, Kiçi Garly bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklapdyr. Ýagşysähet aga hem öz döwrüniň çyn bagşylarynyň biri bolupdyr. Ol, köplenç, gargy tüýdügiň ýanynda aýdar eken. Çynyny edip aýdanda, üç gargy tüýdügiň sesini hem basar eken, özem Agajan bagşydyr Soltan tüýdükçi bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Onuň şägirde halypa bolarça ussatlygy bar eken.
Girman bagşa tälim beren halypa ýene kändi. Oňa Oglan bagşam (Oraznepes), Magtymguly Garlam köp heňleriň inim-çykymyny öwredipdir.
Girman bagşy – meşhur mukamçy tapylgysyz halypa. Mylly Täçmyradowyň hem onuň çalýan mukamlaryndan göwni suw içer eken. Meşhur Garly bagşam Girman bagşydan söhbet açyp, şeýle diýýär eken: ” Eger sen Garadälini, Kör Gojalyny direldip getirseň hem, Girman bagşyny diňlese, ony hut bilbildir öýder”.
Meşhur bagşy aýdym-sazy ýürekden söýüp: “Aýdym-saz diýilýän ýüregiň aglasa aglap, gülse-de gülmelidir. Aýdymy ýüregiň bilen aýtmalydyr” diýer eken.
1946-njy ýylda Girman bagşynyň aýdym-sazlary Daşkent şäheriniň gramplastinka zawodynyň işgärleri tarapyndan ýazgy edilýär. Şonda meşhur bagşydan “Gürjiniň”, “Şelpeli durna”, “Alagaýyşly”, “Düşmüş” atly aýdymlary ýazylyp alnypdyr. Girman bagşy Marynyň Kemine adyndaky teatrynda birnäçe ýyllap bagşyçylyk edipdir. Ol teatrda Gurban Öwez bagşy, Çary bagşy we Annababajan dagy bilen işläpdir.
Girman bagşy 1950-nji ýylyň maý aýynda 44 ýaşynyň içinde aradan çykýar. Magtymguly Garly, Mylly Täçmyrat, Garly bagşy ýaly Girman bagşy-da uly aýdym-saz mekdebini geçen bagşylaryň biri bolupdyr. Bagşynyň ogly Patyşaguly Girman kakasynyň ýoluny alyp göteripdir. Onuň agtyk-çowluklary we şägirtleri Bäşim Amanmyradow, Rejepnur Jumamuhammedow we başgalar türkmen halkyna bagşyçylyk sungaty bilen hyzmat edip gelýärler. Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, meşhur bagşa “Türkmenistanyň at gazanan bagşysy” diýen hormatly at dakyldy.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *