,

Diňe Garpyz barada

Garpyz – kädiler maşgalasyna degişli birýyllyk ösümlik. Onuň baldagy 2-3 metre çenli uzap, miwesi togalak, daşy ýylmanak, eti bolsa gülgüne ýa-da gyzyl bolýar. Garpyzyň watany Günorta we Merkezi Afrika hasaplanylýar. Garpyzyň 96 göterimi suwdan ybarat. Garpyz sözi parslaryň “harbýuza” sözünden bolup, “äpet hyýar” diýen manyny berýär. Häzirki döwürde bu gök önüm ýer ýüzüniň gurak we yssy howaly ýurtlarynyň 96-synda ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň 1200-den gowrak görnüşi bar. Garpyzyň düzümi suwdan (agramynyň 80% çenli), fruktozadan, mikroelementlerden we ösümlik kletçatkasyndan ybarat. Fruktozanyň 30-40 gramyny adam organizmi insulinsiz siňdirip bilýär, şonuň üçin garpyzyň günde 200-300 gramyny süýji keselliler hem iýip bilýär. Garpyzyň tagamy ondaky bar bolan şekerlere bagly. Onuň etinde 5,5-den 13%-e çenli şeker bar. Olar – glýukoza, fruktoza we köp bolmadyk möçberde saharoza. Garpyzyň süýjüligini fruktoza kesgitleýär. Onuň möçberi garpyz şekeriniň 50%-ine barabar. 3-4 kilogram garpyz miwesiniň düzüminde arassa fruktozanyň 150 gramyna çenli bar. Adam organizmine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberini ýetirmek üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir. Garpyz- pektin maddalaryň, kletçatkanyň, B1, B2, B6, C, PP witaminleriniň, foliý turşusynyň we A prowitaminiň çeşmesidir. Şeýle hem onda margansyň, nikeliň, demriň, magniniň we kaliniň duzlary bar. Garpyz etiniň düzümi şulardan ybaratdyr: pektin maddalary-0,68%, beloklar-0,7%, kalsiý-14mg/%, magniý-224mg/%, natriý-16mg/%, kaliý-64 mg/%, fosfor-7mg/%, organiki görnüşdäki demir-1mg/%; witaminler- tiamin, riboflawin, niasin, foliý turşusy, karotin-0,1-0,7mg/%, askorbin turşusy-0,7-20mg/%, aşgar maddalary. Garpyzyň çigidinde 25%-e çenli ýag bar. Bu ýag D witaminine baý we fiziki-himiki häsiýetlerine görä badam ýagyna meňzeş. Garpyz ter görnüşinde iýilýär. Garpyzyň eti teşnelegiňi gandyrýar. Onuň paçagyndan süýji müreppe, etinden bolsa toşap taýýarlanylýar. Garpyz lukmançylykda peşew we öt çykaryjy gök önüm. Şeýle hem gyzgyny düşüriji häsiýete eýedir. Ol sowuklama garşy hem ulanylýar. Garpyz narkoz ulanylmagy bilen geçen operasiýalardan soň garpyz iýmek örän peýdaly. Sarylama keselinden soň bagryň işleýşini dikeltmek üçin garpyzy köp iýmeli.
Garpyzy nädip saýlamaly:

Garpyz möwsümi – iýul aýynyň aýagy awgust aýynyň ortasy. Bişen garpyzy eliň aýasy bilen ýeňiljek kakyp görmeli. Ol özboluşly ses berýär. Bişen garpyz çalaja basylanda-da şatyrdaýar. Aljak garpyzyňyz 5-7 kilogramdan uly bolmaly däl. Bişen garpyzy dyrnagyňyz bilen ýeňiljek çyzyp görüň. Daşynyň ýuka gatlagy eliňize gelmeli. Garpyzyň baldagynyň töweregindäki ýerine üns beriň- eger-de ol daşyna çykyp çişip duran bolsa, gyralaram agaran bolsa, diýmek bu garpyz bişipdir. Garpyzy öýe getirip keseniňizden soň, onuň etiniň bölejigini suwa salyp goýuň. Eger-de suw gülgüne reňk berse, diýmek garpyza boýaglar goşulypdyr. Şeýle garpyzy iýmek howply. Türkmen topragynda akçigit, guzy baý, kökeneçigit, haýytgara, ýerbent, möjük, geldigarbak, garamürri, garaçigit, pirgarpyz, pelgarpyz, aksüýri diýen ýaly garpyzlar ösüp ýetişýär.

Ýaponlar kub şekilindäki garpyzlary ösdürip ýetişdirýärler. Olar kub şekilindäki aýna gaplara salyp, şeýle görnüşli garpyzlary ösdürip ýetişdirýärler. Bu garpyzlar eliňde götermek üçin diýseň amatlydyr. Bu garpyzlar uzak ýola äkitmek üçin hem peýdalanylýar. Ýaponlar mundan başga-da, ýürek şekilli gaplara salyp, ýürek şekilli edibem ýetişdirýärler. Alymlar içi sary, ýabany, iýilmeýän garpyzlar bilen adaty garpyzy çakyşdyryp, täze bir garpyzyň görnüşini döretdiler. Ol garpyzlar Ispaniýada tomsuna bişýär, Taýlandda bolsa gyşyna ýetişýär.

Ýerli halk garpyzlaryň sary reňkini rysgal-berekediň nyşany hasaplaýarlar. Ukrainler hem içi sary reňkli garpyzy ösdürip ýetişdirmek üçin tejribe geçirdiler we garpyzyň üýtgeşik görnüşini ýetişdirdiler. Ukrainleriň “Kawbuz” diýip atlandyran bu görnüşli garpyzlarynyň içi sary, tagamy kädä meňzeýär, ysy bolsa garpyza. Adatça, garpyzlaryň agramy 5-10 kilograma barabar bolýar. Ýöne 2005-nji ýylda ABŞ-nyň Arkanzas ştatynyň ýaşaýjysy Lioýd Braýd agramy 122 kilogram bolan garpyzy ösdürip ýetişdirdi. Ol garpyz 2006-njy ýylda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Iň kiçi garpyzlar Günorta Amerikada ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň ini bary-ýogy 3-4 santimetr. Ýaponlar 2008-nji ýylda daşy gara reňkli garpyzy ösdürip ýetişdirdiler. Ol garpyzlaryň agramy 8-10 kilogram, tagamy süýji, çigidi-de az. Bu garpyzlar Ýaponiýanyň diňe Hokkaýdo adasynda ýetişýär. Ýaponlar ýylda gara garpyzlaryň 10 000 sanysyny ösdürip ýetişdirýärler. Il içindäki gürrüňlere görä, süýji garpyzy tanamak üçin onuň gara çyzyklaryny sanamaly. Eger-de şol çyzyklar täk bolsa, onda garpyzyň süýjüdigidir. Garpyz näçe ýeňil bolsa, onda şol garpyz süýjidir.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *