,

Ýylanlar hakynda näme bilmeli?

Ýylanlar diýseň geň jandarlar. Olaryň bedenleriniň gurluşy, hereketiniň aýratynlygy, gowunyň (ýylanyň hamynyň) çalşylmagynyň mümkinçiligi bizi hemişe haýrana goýýar. Olar biosenozyň wajyp düzümi bolup, zyýanly mör-möjekleri we gemrijileri (dürli ýokanç keselleri geçirijileri) ýok edip, oba hojalygyna peýda getirýär. Türkmenistandaky ýylanlaryň 30-dan az bolmadyk köpdürlüliginden zäherlisi diňe 4 sanydyr we olar hem seýrek duş gelýärler.

Betbagtçylykly hadysadan nädip gaça durmaly, ýylanlara duş geleniňde özüňi nähili alyp barmaly?

Ýylana duş geleniňde duýdansyz hereket etmezden, yza bir ädim ädip, daşyndan aýlanyp geçmek maslahat berilýär. Ýylan elbetde, adamyň ýakynlaşandygyny duýýar we gapdala süýşüp gidýär ýa-da bolmasa, dikligine galýar we haşşyldap ses edýär. Ýylanlar eşitmeýärler şonuň üçin hem siziň gygyryp durmagyňyz biderekdir, ýöne welin, öňüňizde taýagy galgadyp, onuň bilen ýerde ýatan daşa urmak welin zyýan etmez, sebäbi ýylanlar yrgyldyny (wibrasiýa) gowy duýýarlar.
Ýylanyň çakmagy köplenç ýagdaýlarda tötänleýin ýüze çykýar. Ýylanlar özlerine azar berýänçäler adama üns bermeýärler we köplenç ýagdaýlarda, adatça penjelerden we dabanlardan çakýarlar. Ýylan üçin onuň çakmagy gaýragoýulmasyz goragy üçin zerurdyr. Ýylanyň zäheri ep-esli wagtlap toplanýar we ol oňa aw etmegi, awuny öldürmegi we aşgazanda siňdirmegi üçin gerekdir. Ýylanyň zäherli mäzleriniň ýollary daňlan ýagdaýynda onuň iýmit siňdirişi bozulyp, jandar heläk bolýar. Şol sebäpli hem onuň üçin zäherini biderek sarp etmek, energiýasyny biderek sarp etmekdir we ýylanlaryň aglabasy iň soňuna çenli özleri üçin gymmatly zäheri pürkmäge karar edip bilmeýärler. Kepjebaşy alyp gören ýagdaýymyzda hem, tutulan wagty ol zäherini iki tarapa pürkmän on gezege çenli, hamana indikisi howply bolar diýýän ýaly galp towusmalary amala aşyrýar.

Eger-de, ýylan çakan bolsa, ilkinji kömegi nädip amala aşyrmaly?

Hökmany ýagdaýda zäheriň adamyň bedenine edýän täsirini bilmeli. Özüniň täsiri boýunça ýylanyň zäheri adama iki görnüşde — neýrotoksiki we gemolitiki täsir edýär. Neýrotoksiki zäher nerw ulgamyny ysmaz edýär, nerw öýjüklerini öldürýär, agzalaryň we ulgamlaryň, esasan hem dem alyş, ýürek-damar ulgamyna täsir edip, adamy heläkçilige sezewar edip biler. Bu zäher aýratyn bir agyry duýgusyna sezewar etmeýär, ondaky esasy alamatla­ry — gowşaklyk, ukuçyllyk, gepleýşiň bozulmagy, titremeler, aşa köp derlemek, başyň aýlanmagy, huşuň ýitirilmegi, demiň gysmagy, ýüregiň bulanmagy we ýürekde gysýan görnüşli agyry bolýar. Neýrotoksiki zähere aspid we deňiz ýylanlary, kepjebaş eýedir.
Ýylanlaryň şu topary çakanda ilkinji kömegi aşakdaky görnüşde bermeli:

• ejir çekeni kölegä geçirip, kellesini bedeniniň derejesinden pesde goýmaly;

• egin-başyny gözden geçirip, zäheriň galyndysy bar bolsa, aýyrmaly;

• zäheri rezin gruşa bilen sorduryp almaga ýa-da agzyňda ýara bolmasa, sorup almaga synanyşmaly;

• ýarany ýuwup, gaty gysyp durmaýan aseptiki sargy bilen saramaly;

• eger-de, zäheriň şu görnüşi dokumalaryň nekrozyna getirmeýän bolsa, onda çakylan ýerinden ýokarda ilkinji 30 minutyň dowamynda rezin daňy (žgut) daňsaň bolar;

• zäheriň täsirini peseltmek üçin, ýylanyň çakan ýerini sowatmaly;

• ýylanyň çakan ýerini gymyldatman, ejir çekene köp mukdarda ýyly suw bermeli, ol toksinleriň böwrekleriň üsti bilen çykarylmagyny tizleşdirer. Ýerinde ilkinji kömek berlenden soňra, ýylanyň zäherine garşy ýöriteleşdirilen kömegi berilmegi, ýagny ýylanyň zäherine garşy syworotkany goýberip, toksiki täsirini aýyrmak üçin ejir çekeni ýakyndaky hassahana ýollamaly. Gemolitik zäher ganyň öýjüklerini dargadyp, gan we limfa ulgamyna täsir edýär. Zäher ýerli çişi, güýçli agyryny, deriasty gan öýmäni, ysytmany, dokumalaryň nekrozyny ýüze çykarýar. Gemolitik zähere alahöwren we çukurjyk kelle (haşşyldyly ýylan, galkan tumşuk) ýylanlar eýedir. Türkmenistanda alahöwren ýylanlarynyň wekillerine adaty galkan tumşuk ýylan, Orta Aziýa efasy, göklors ýa-da Liwiýa alahöwreni degişlidir. Zäheriniň bu görnüşi bolan ýylanlaryň çakan ýagdaýynda, berilýän ilkinji kömek öňki beýan edilenden tapawutlanyp, şeýle görnüşde amala aşyrylýar:

• hiç bir ýagdaýda hem rezin daňy (žgut) goýmaly däl, sebäbi onuň zäheri onsuz hem çişi döredip, žgut öňki ganaýlanyşygynyň bozulmasyny has hem güýçlendirer, netijede bolsa, dokumalaryň nekrozy we dargamagy artar;

• ýylanyň çakan ýerini kesmek bolmaýar, sebäbi ol ýokanjyň düşmegine itergi berer, şeýle-de onuň ýerini ýakmaly däl, sebäbi ol täsirsiz bolar;

• zäheri sorup aýyrmaga ýa-da ganyň birnäçe damjasyny sykyp çykarmaga çalyşmaly;

• zeperlenen ýeri gozgamaly däl;

• ýarany ýod, spirt, kaliý permanganatynyň ergini bilen arassalamaly;

• gaty gysyp durmaýan aseptiki sargy saramaly;

• näsaga doly rahatlyk döretmeli, hereketi näçe az bolsa, şonça-da gowudyr;

• ejir çekene köp mukdarda suw içirmeli. Ýerinde ilkinji kömek berlenden soňra, ýylanyň zäherine garşy ýöriteleşdirilen kömegiň berilmegi, ýagny ýylanyň zäherine garşy syworotkany goýberip, zäheriň toksiki täsirini aýyrmak üçin ejir çekeni ýakyndaky hassahana ýollamaly. Türkmenistanyň çäklerinde gowşak zäherli ýylanlar hem bolup, olaryň zäherleriniň düzüminde neýrotoksiki fermentler bolýar, ýöne olar adamlar üçin howply däldir. Olaryň zäherli dişleri diňe ownuk gemrijiler we hažžyklar üçin howpludyr, sebäbi olar ýokarky äňiniň yzynda, agzynyň jümmüşinde ýerleşýär, adamyň bedenine bolsa diňe zäherli däl, öňki dişleri täsir edip bilýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *