,

Günebakar

Günebakaryň mekany Meksika. Meksikadan Latyn Amerika getiripdirler. Biziň eýýamymyzdan 3000 ýyl öň hem günebakaryň ekilendigi barada taryhy gazuw-agtaryş işleri netijesinde subut edildi. XVI asyrlarda Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ekilýär. Günebakaryň 100-den gowrak görnüşi bardyr. Günebakar ýylylygy halaýan ösümlikdir. Günebakar ýag berýän ösümlik hökmünde bellidir. Çigidiniň ýaglylygy 47%-e çenli ýetýär. Günebakaryň ösüş döwrüniň dowamlylygy dürli-dürlidir. Has ir bişýän 70-90 günde ýetişse, giç bişýän görnüşleri bolsa 120-130 gün gerek bolýar. Günebakaryň has köp ekilýän ýeri hökmünde sanawda birinji Russiýa durýar. Günebakardan ilkinji gezek Angliýa 1716-njy ýylda ýag öndürüp başlaýar. Dünýäde iň uzyn günebakaryň boýy 2012-nji ýylda hasaba alyndy, 8,23 (Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi).

Hans Peter Şiffer

Ony Germaniýaly Hans Peter Şiffer ösdürip ýetişdiripdir. Iň kiçi günebakaryň boýy 5 santimetr. Günebakaryň iň uly başy 82 santimetr. Ol 2004-nji ýylda hasaba alnyp, Kanadada ösdürilip ýetişdirilipdir. ABŞ-nyň Miçigan ştatynda 2004-nji ýylda hasaba alnan günebakaryň bir başynda 837 çigit bar eken.


Günebakar çigidi E we B witaminlerine baýdyr. Onuň düzüminde bsink, kalsiý, demir, kaliý, magniý, ýod, fosfor hem bar. Çigidiň aşgazanda siňmegi üçin 2 sagatdan gowrak wagt gerek. Şonuň üçin çigit çigitlän adam uzak wagtlap açlygy duýmaýar. Garward uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, günebakar çigidi adamyň ömrüni uzaldýan iýmitleriň sanawynda birinji ýerde durýar. Sanawy alma, kädi, arpa, noýba ýaly önümler dowam etdirýär. Çigit ýadawlygy aýyrýar, bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny (immunitet) ýokarlandyrýar. Ýüregagyrynyň döremeginiň öňüni alýar. Demgysma hem nepi degýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *