Hyýar ter we duzlanan görnüşde iýmit üçin ulanylýar.
Hyýaryň mekany Hindistan hasaplanýar.
Hyýaryň ýetişmegi üçin 40-60 gün gerek. Hyýar ýylylygy köp talap edýär.
Biziň güneşli ýurdumyzda hyýaryň käbir görnüşleri 30-40 günde, giç ýetişýän görnüşleri 55-60 günde gülleýär.
Hyýaryň pazyllarynyň ösmegi netijesinde täze güller emele gelýär. Hyýar köp hasylly bolup, her gektardan 40 tonna çenli hasyl almak bolýar.
Hristofor Kolumb özüniň suw giňişliginde dowam eden syýahatlarynda ýoldaşlaryny dürli kesellerden goramak maksady bilen ter we duzlanan hyýary ýanyndan goýmandyr.
Gadymy Gresiýada tebipler hyýaryň gyzgyny peseldiji häsiýetini anyklapdyrlar. Aşpezler öz hökümdarlaryna naharyň ýany bilen hyýardan edilen işdäaçary beripdirler.
Hyýar näçe ter bolsa, şonça-da süýji bolýar. Ol diňe iýmit üçin däl-de, ýüzüňe ýapgy etmekde hem giňden ulanylýar. Hyýaryň gabygyny ýüzüňe ýapgy etseň, ol ýüzüňi Güne ýanmakdan goraýar, ýüzüňdäki ýakallary aýyrýar, menekleri aýyrýar, agardýar.
Hyýarda A, C, we P witaminleri bar.
Ukrainanyň Nežin şäherinde hyýar ýadygärligi bar.
Öňler hyýaryň has köp hasylly bolmagy üçin onuň ekilen ýeriniň golaýgyna balarynyň öňüni getirip goýupňdyrlar.