,

Towşan

Boýy: 44-65 santimetre çenli, kähalatda 74 santimetre ýetýär.
Agramy: 1,6-dan 4,5 kilograma çenli.
Ömri: 6 ýyldan 9 ýyla çenli.


Towşanlar ertekilerde gorkajyk diýip häsiýetlendirilýär. Ýöne ol durmuşda edil beýle däl. Olar doglandan on gün geçenden soň özlerini goramaga ukyply bolýarlar. Howp abananda ene towşanlar yzky aýaklaryny ýere batly urmak bilen çagalaryna duýduryş berýärler we olaryň töwereginde aýlanyp, gaçmaga kömek edýärler. Olaryň ulanýan özboluşly “depregi” ýakynlary bilen habarlaşmaga kömek edýär. Towşanlar gök otlar, ösümlikleriň kökleri, ýapraklary, käşir we beýleki gök önümler bilen iýmitlenýärler. Olaryň sagdyn, uly, ýasy dişleri bardyr. Ony towşanlar goranmak üçin däl-de iýmitlenmek üçin ulanýarlar. Towşanlar dişleriniň gereginden artyk ösmezligi üçin kökleri gemirýärler. “Towusgan” diýen sözden gelip çykan towşan böküp ylgamana ukyply. Olaryň tizligi sagatda 50 kilometre çenli ýetýär. Olar ýylyň dowamynda donuny täzeleýärler. Güýzlük, gyşlyk geýimine geçmezden ozal, olar ýerde ikiýana togalanyp köne tüýüni aýyrýarlar. Olaryň gulaklary endamynyň ýylylygyny sazlaýjy bolup hyzmat edýär. Şeýle-de uly gulaklar olary ýagyş-ýagmyrdan, sowukdan goraýar. Ýyrtyjylar towşanlary ysyndan tapýar, ýöne ýaňyja doglan towşanda şol ys bolmaýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *