,

Türkmenistan Ginnesiň rekordlar kitabynda

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet senasynda: „Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde!„ diýlip aýdylyşy ýaly, bu gün türkmen Baýdagy has belentde pasyrdaýar. Onuň ýeten belentligi bolsa Ginnesiň Bütindünýä rekortlar kitabyna girizildi.

  • Döwlet baýdagy, Türkmenistanyň Milli muzeýiniň öňünde ýerleşýär. Flagştok 2008-nji ýylda „Dünýäniň iň beýik flagştogy„ diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Uzynlygy 133 metr. Baýdagyň ini 52,5 metr, boýy 35 metr, agramy 420 kilogram. Türkmenistan (döwlet baýdagy bilen) Iordaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden öňe geçdi. Olarda bolsa degişlilikde 132 we 123 metr beýiklikdäki flagştoklar bar.
  • Paýtagtymyz Aşgabat 2010-njy ýylda „Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher„ diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Biziň gürrüňini edýän suw çüwdürim toplumymyz nesilbaşymyz Oguz hanyň we ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen arhitektura-heýkeltaraşlyk toplumydyr. Ol halkara aeroportuna barýan garaýoluň ugrunda ýerleşýär. Onuň tutýan meýdany 14,2 gektar bolup, toplum 27 sany yşyklandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman suw çüwdürimlerini özünde jemleýär.
  • Aşgabat şäherinde Garaşsyzlygyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanynda açylan „Türkmenistan„ teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol „Dünýäniň arhitektura-tehniki usulda şekillendirilen iň uly ýyldyzy„ diýlen at bilen rekordlar kitabyna girizildi. Onuň beýikligi 211 metr bolup, esasy bölegi 31 gatly binadyr. Onuň 29-njy gatynda aýlanýan restoran ýerleşýär. Penjirelerinden Aşgabadyň ähli ýerini synlap bolýar. Bu binanyň ýene bir aýratynlygy oňa ýerleşdirilen güneş panelleridir. Ol gündiz elektrik energiýasyny batareýalara jemläp, gijelerine binanyň yşyklandyrylyşyny doly üpjün edýär.
  • 2001-nji ýylda „Dünýäniň iň uly elde dokalan halysy„ Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Haly „Altyn asyr„ diýlip atlandyryldy. Onuň tutýan meýdany 301 inedördül metr, agramy 1400 kilogramdyr. Ol halynyň her inedördül metr meýdanynda 300 müňden gowrak çitim bar. Haly 40 sany halyçy gelin-gyzlarymyzyň gatnaşmagynda 8 aýda dokaldy. Ondan öňki bu ugurdaky rekord hem halyçy gyzlarymyza degişli bolup, ol „Türkmen kalby„ diýlen halydyr. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda dokalypdyr.
  • 2012-nji ýylda Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde gurlup ulanylmaga berlen “Älem” medeni-dynç alyş merkezi binagärlik taýdan aýratynlygy bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň umumy meýdany 26 000 inedördül metre golaý bolup, beýikligi 95 metre ýetýär. Binanyň 2-nji ýerzemin gatynda 177 ulaglyk ýapyk awtoduralga, tehniki otaglar hem-de tehniki desgalar, 1-nji ýerzemin gatynda bowling zaly, älem giňişligine syn etmäge mümkinçilik berýän Kosmos muzeýi, 80 orunlyk kafe-bar ýerleşýär. Binanyň 1-nji gatyna gireniňden oýun zallary ünsüňi özüne çekýär. Bu ýerde dürli döwrebap kompýuter oýunlary ornaşdyrylan. Binanyň 3-nji gaty aýlanýan çarha giriş gatydyr. Onda tehniki otaglar ýerleşýär. 4-nji gatda aýlanýan çarha münülýär, 5-nji gat tutuşlygyna aýlanýan çarh bolup, onuň diametri 57 metre barabar. Onda 23 sany her biri 6 adamlyk, 1 sany 4 adamlyk VIP kabina ýerleşdirilendir.
  • 2013-nji ýylda Paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäde iň ýokary derejede ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde bellige alyndy. 22 inedördül kilometr meýdanda ak mermere örtülen täze binalaryň 543-si guruldy, onuň umumy meýdany 4,5 million inedördül metre barabardyr, başga sözler bilen aýdylanda, her bir 4,87 inedördül metre ak mermeriň bir inedördül metri düşýär. 
  • 2016-njy ýylda Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menziliniň, ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyndaky 705 inedördül metr haly gölüniň şekili, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Toplum 1200 gektara golaý meýdany eýeleýär we 100-den gowrak desgany öz içine alýar. Şolaryň 48-si esasy desgalardyr. Bäş gatly baş terminalyň tutýan meýdany 190 müň inedördül metrden hem geçýär. Ol bir ýylda 14 million ýolagça hyzmat edýär. Üç milliondan gowrak ýolagçyny kabul etmäge niýetlenen ikinji terminal bilen bilelikde, häzirki zaman howa menzili jemi 17 milliondan hem köp adama ýa-da sagatda 2 müňe golaý ýolagça hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýük terminaly bolsa, 200 müň tonna ýüki üstünden geçirýär. Täze howa menziliniň uzynlygy 3 müň 800 metre ýetýän, ähli üpjünçilik ulgamy bolan iki sany uçuş-gonuş zolagy bar. 
  • 2015-nji ýylda Mary şäherindäki “Ak öý” binasynyň açylyş dabarasynda 4 müňden gowrak adam hormatly Prezidentimiziň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýen aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu ýaňlanan aýdym ony ýerine ýetirenleriň sanynyň köplügi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabynda dünýä rekordy hökmünde bellige alyndy.
  • 2017-nji ýylda Paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren stadionyň münberini bezeýän ahalteke  bedewiniň çeper şekiliniň beýikligi — 40,05 metr ( 131 fut 4,9 dýuým), uzynlygy — 37,69 metr (123 fut 7,9 dýuým) we ini — 40,24 metr (123 fut 0,6 dýuým) bolup durýar.
  • Dünýäde iň uly üsti ýapyk görnüşli suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezinde geçirilýän ýaryşlara birwagtda 5 müň adam tomaşa edip biler. geçiren ölçeglerine laýyklykda, toplumyň howuzlarynyň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) barabar boldy.
  • 2018-nji ýylda Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň ägirt uly ýyldyz görnüşindäki örtügi şeýle hem binagärlik aýratynlygy üçin ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Halkara howa menziliniň ýyldyz şekilindäki binasynyň tutýan meýdany bolsa, 12 müň kwadrat metre barabardyr. Halkara howa menzili 600 gektar meýdany tutup, sagatda 500 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir.
  • 2018-nji ýylda Türkmenbaşynyň täze deňiz porty “deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly port” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şol bir sanda, şu kategoriýada dünýä rekordlar kitaby “deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly ada” diýip port gurlanda göçýän guşlary goramak maksady bilen gurulan emeli guşlar adasy belledi. Bu ada gyzylinjikleriň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan mekanydyr.
  • 2018-nji ýylda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça  3246 adamyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Bu geçirilen okuw sapagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
  • 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew çarpaýa galyp 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
  • 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda açylyp ulanylmaga berlen  tebigy gazdan benzin öndürýän iň täze döwrebap senagat toplumy ykdysady we innowasion aýratynlygy bilen Ginnessiň rekordlar kitabyna girizildi.
  • 2019 ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň hökümetiniň guramagynda täsin ekologiýa sapagy geçirildi. Üç müň töweregi adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu örän uly tutumly ekologiýa sapagy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň birnäçe medeni we taryhy gymmatlyklary ÝUNESKO tarapyndan bütindünýä medeni mirasynyň Sanawyna girizildi. 1999-njy ýylda “Gadymy Merw”, 2005-nji ýylda “Köneürgenç”, 2007-nji ýylda “Nusaý” ýaly taryhy-medeni ýadygärlikler bilen bir hatarda 2015-nji ýylda “Görogly” dessany hem ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň Sanawyna girizilipdi. Bulardan başga-da:

  • 2017-nji ýylda Türkmen milli “Küştdepdi” aýdym-saz sungaty ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
  • 2019-njy ýylda Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *