,

“Gerek bor saňa” Atamyrat Atabaýew

Gerek bor saňa..

Meniň saňa ýazan söýgi setirlem,
Kän gezek durmuşda gerek bor saňa.
“Uçsam” diýip, köňle hyýal getirseň,
Ganat bor, per bolar, ýelek bor saňa.

Aňsat däldir yşksyz ömrüň düzgüni,
Kyn sowaldyr, ýokdur ýeňil çözgüdi.
Känem bolsa köne dünýäň düzgüni,
Çarhy-pelek käte telek bor saňa.

Söz astyndan didaryňa seredýän…
Sowan köňli pagyş-para eredýän.
Aljyran mahalyň dadyňa ýetýän
Eren bor, perişde, melek bor saňa.

Aýdym etseň – aýdym, üwräp sallançak,
Belent perwaz bilen asmana galjak,
Dünýäň jöwzasynda saýasyn saljak
Şatut bor, çynar bor, derek bor saňa.

Haktagala hak sözlerin eçildi,
Söýgim, sözüm äleme ras eçildi.
Yşkdan gara bagrym göz-göz deşildi,
Eleseň ak unlar, elek bor saňa.

Köňlüň belent günde, halyň pes günde,
Şatlyk berer tukat günde, sus günde.
Asmanda däl, bu zeminiň üstünde
Sekiz jennet, dokuz pelek bor saňa.

Kelam ýazyp, öz yşkymy aňdyryp,
Bilmedim mähriňden mährim gandyryp.
Men gitsemem seni ýalňyz galdyryp,
Şu setirler maňa derek bor saňa.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *