,

Baýram namazy

Her ýyl Oraza aýy gutarandan soň, Baýram aýynyň 1-nji güni Oraza baýramy hem-de Gurban aýynyň 10-12-nji günleri bolsa Gurban baýramydyr. Şol günlerde özlerine juma namazy parz bolan adamlaryň iki rekagat baýram namazyny okamaklary wajypdyr. Baýram namazy Baýram aýynyň 1-nji güni hem-de Gurban aýynyň 10-njy güni Gün dogandan 45-50 minut çeşmesi wagt geçenden soň okalýar.
Baýram namazynda azan we kamat okalmaýar. Bu namazyň okalyş düzgüni şeýledir: ilki bilen ymam hem-de jemagat iki rekagat Remezan ýa-da Gurban baýramy namazyny okamaga niýet edýärler we “Alla:hu ekber” diýip, tahrime tekbirini getirip namaza durýarlar. Ymam hem-de jemagat içinden “Sübhaneke” dogasyny okaýar. Soňra ymam, tahrime tekbirindäki ýaly, üç gezek ellerini gulaklaryna ýetirip, her gezeginde “Alla:hu ekber” diýip tekbir edilýär. Ymam tekbir getirende, jemagat hem ony içinden gaýtalaýar. Birinji we ikinji tekbirlerde eller gowşurylman, aşak goýberilýär. Üçünji tekbir getirilenden soň, beýleki namazlardaky ýaly, eller gowşurylýar. “Sübhanekeden” soň okalýan bu tekbirlere “zewaýid” (goşmaça) tekbirler diýilýär. “Zewaýid” tekbirlerini getirmek wajypdyr. Mundan soň ymam içinden “E’u:zü billä:hi mineş-şeýta:nir-raji:m. Bismillä:hir-rahmä:nirrahy:m” aýdýar. “Fatyha” süresini we yzyndan bir zam süräni ýa-da üç sany gysga aýaty, ýa-da uzyn bir aýaty daşyndan okaýar. Soňra ruku we sejdeler berjaý edilýär we ikinji rekagata turulýar. Ikinji rekagatda ymam ýene içinden “Bismillä:hir-rahmä:nirahy:m” aýdyp, “Fatyhany” we ýene bir zam süräni ýa-da üç sany gysga aýaty, ýa-da uzyn bir aýaty daşyndan okaýar. Mundan soň, birinji rekagatdaky ýaly, “Zewaýid” tekbirleri getirilýär. Üçünji tekbirden soň, ellerini gowşurman, dördünji ruku tekbirini alnyp, ruku we yzyndan sejdeler berjaý edilip oturylýar. Soňra “Tahyýýat” dogasy, “Allahümme salli”, “Allahümme bärik” salawatlary we “Allahümmagfirli” dogasy okalyp salam berilýär. Namazdan soň ymam münbere çykyp hutbe okaýar. Bu hutbäni üns berip diňlemek uly sogapdyr. Hutbeden soň, jemagat bilen bilelikde, doga-dilegler edilýär. Şeýlelikde, baýram namazy tamam bolýar.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *