,

Miwemi ýa-da bakja ekini?

Bazarlara ýa-da söwda merkezlerine baranymyzda, dürli miwedir gök önümlere gözümiz düşýär. Olaryň görnüşleri soňky wagtlarda has hem artdy, bir-birinden üýtgeşik miweler peýda boldy. Olar nähili howa şertlerinde ýetişýärkä?! Nähili howany halaýarlar? Şeýle üýtgeşik gök önümleriň biri hem ananasdyr. Ol (“Ananas comosus”) yssy ýurtlarda ýetişýän bakja ekinidir. Bu ösümligiň watany Günorta Amerika hasaplanýar. Onuň miwesi iri, owadan tagamly we hoşboý yslydyr. 1555-nji ýylda Žan De Leri atly syýahatçy Braziliýada bu ösümligiň üstünden barýar we ony Angliýa alyp gidýär. Soňky ýyllarda Fransiýada ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň boýy 1-1,5 metre ýetýär. Ol düwmezden ozal, 200 töwregi gül açýar. Ol gülleriň ýerine miwe emele gelýär. Onuň üsti ýaprakly bolýar.
Adatça, terligine iýilýän bakja ekini dünýäniň tropik klimatyndaky ähli aşhanalarda diýen ýaly giňden ulanylýar. Şeýle hem ony süýjüliklere we işdäaçarlara goşýarlar.


Bu ekin, esasan, Braziliýa, Filippinler, Tailand, Kosta Rika, Hindistan, Indoneziýa, Hytaý ýaly ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär.
Tropikal yklymda ýetişýänligi sebäpli bu miwäni ýylyň islendik paslynda diýen ýaly bazarlarda görmek bolýar. Saglyk üçin diýseň peýdaly miwäniň düzüminde A we C witaminleri bilen bir hatarda, kaliý, kalsiý ýaly maddalar bar. Onuň suwunyň düzüminde B2, B3, B5, B6 we C witamini hem-de mis, beta-karoten ýaly maddalar bar.
Bakja ekini süňkleriň berk, siňdiriş ulgamynyň kadaly bolmagyna oňyn täsir edýär. Onuň saglygymyz üçin başga-da birnäçe peýdasynyň bardygy aýdylýar. 100 gram ananasyň 86 gramyny suw emele getirýär.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *