,

Almanyň peýdasy

Dünýäniň dürli ýerlerinde dürli pasyllarda ýetişýän miwedir gök-önümleriň birnäçe görnüşi bar. Lukmanlar saglygymyz üçin miweleriň peýdasynyň örän uludygyny nygtaýarlar.
Ýakymly ysy we tagamy bilen tapawutlanýan alma witaminlere we minerallara baý, iň ýokumly miweleriň biri hasaplanýar.
Onuň saglyga peýdasy barada geçirilen barlaglaryň netijesinde, ýürek-damar kesellerine we bedenimiziň goranmak ukybynyň güýçlenmegine täsiriniň uludygyny anyklady.
Beýni we nerw ulgamynyň näsazlygy bilen ýüze çykýan huşsuzlyk, gürlemek kynçylygy, hereketiň agyrlaşmagy ýaly ýagdaýlaryň öňüni alýar. Iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrýar. Gandaky şeker mukdarynyň deňagramly bolmagy, süňklerimiziň berkligi üçin günde bir alma iýmek maslahat berilýär.
Şeýle hem almanyň düzümindäki kuersetin maddasy dodagymyzda gaýnan uçugy ýok etmäge ukyply. Kuersetin maddasy almanyň gabygynyň aşagynda bolany üçin ony daşy bilen iýmeklik masalahat berilýär. Mundan başga-da, bilermenler ýatmazdan öň, alma iýmegiň rahat uklamak üçin ähmiýetiniň uludygyny belleýärler.
Hytaý lukmançylygynyň taryhynda alma beden gyzgynlygyny düşüriji hökmünde giňden ulanylypdyr. Bu miwäniň düzümindäki käbir himiki birleşmäň ynsan bedenindäki içegeleriň işjeňligini artdyrýandygy we onuň düzümindäki zyýanly bakteriýalary ýok edýändigi mälim edildi.


Bir almanyň ýokumlylygy (180 gr):
* 95 kkal kaloriýa.
* 19 gram şeker.
* 159 gram suw.
* 16,4 mg omega 3 ýag kislotasy.
* 78,3 mg omega 6 ýag kislotasy.
* 0,5 gram belok.
* A witamini.
* 8,4 mg C witamini.
* 0,3 mg E witamini.
* 4,0 mg K witamini.
* 0,1 mg B6 witamini.
* 10,9 mg kalsiý.
* 0,2 mg demir.
* 9,1 mg magniý.
* 20 mf fosfor.
* 195 mg kaliý.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *